HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Emeli aňly düwmeli telefon: “Vertu” aňrybaş derejeli täze önüm taýýarlaýar

Ýanwar 13, 2025 | 14:28 |7941
Bilermenler “Vertu” telefony barada ilkinji maglumatlary öwrendiler. Ony “Vertu Signature S+” diýip atlandyrarlar. Myş-myşlara görä, bu Android ulgamly iň gymmat düwmeli telefony bolar. Premium derejeli materiallar ýasalan aňyrbaş dizaýny, şeýle hem EA funksiýalaryna goldaw alarBilermenler “Vertu” telefony barada ilkinji maglumatlary öwrendiler. Ony “Vertu Signature S+” diýip atlandyrarlar. Myş-myşlara görä, bu Android ulgamly iň gymmat düwmeli telefony bolar. Premium derejeli materiallar ýasalan aňyrbaş dizaýny, şeýle hem EA funksiýalaryna goldaw alar
Çeşme: hi-tech.mail.ru

Bilermenler “Vertu” telefony barada ilkinji maglumatlary öwrendiler. Ony “Vertu Signature S+” diýip atlandyrarlar. Myş-myşlara görä, bu Android ulgamly iň gymmat düwmeli telefony bolar. Premium derejeli materiallar ýasalan aňyrbaş dizaýny, şeýle hem EA funksiýalaryna goldaw alar.

“Vertu Signature S+” Androidyň binýadynda işlär we “Qualcomm Snapdragon 662” prosessor bilen üpjün ediler. Telefon 256 Gb hemişelik ýady, LTE we Wi-Fi 5 goldawyny alar. Telefon modem düzgüninde Wi-Fi paýlap biler we programma üpjünçiliginde öňünden gurlan brauzer bolar.

12012025_ VERTU2.JPG

“Vertu Signature S +”-iň esasy aýratynlygy, düwmeli modellerinde ilkinji gezek emeli aňyň ornaşdyrylmagy bolar. Bilermenler EA-yň funksiýalarynyň hemmesini bilmeýärler, ýöne telefonyň öýjükli ulgam arkaly jaňlary dünýäniň islendik diline şol wagtda terjime edip biljekdigi mälimdir. Bu esasanam daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen jaňlaşýan telekeçiler üçin peýdaly bolar.

Telefonda 1,98 dýuým ekran, 1300 mAh akkumulýator, zarýad bermek üçin USB-C porty we slaýder form-faktorly korpusy alar. Bu model dürli üýtgeşmelerde şol sanda deri, eko-deri we gymmat bahaly metallardan ýasalan görnüşleri öz içine alar. Şeýle hem ýakut daşyndan we gymmat bahaly daşlar bilen keramiki görnüşleri bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026