HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyndaky taslamalar bilen tanyşdy

Ýanwar 12, 2025 | 13:05 |8348
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyran wagtnda şäheriň gutluşygynyň ikinji tapgyryň bir bölegi boljak gurulmagy meýilleşdirilýän taslamalar bilen jikme-jik tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdiTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyran wagtnda şäheriň gutluşygynyň ikinji tapgyryň bir bölegi boljak gurulmagy meýilleşdirilýän taslamalar bilen jikme-jik tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi
Çeşme: Watan Habarlary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyran wagtynda şäheriň gutluşygynyň ikinji tapgyryň bir bölegi boljak gurulmagy meýilleşdirilýän taslamalar bilen jikme-jik tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäherinde täze desgalary gurmak barada şol sanda lukmançylyk klasteriniň birinji tapgyryny, inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlaryny, çeper halyçylyk kärhanasyny hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda Kararlara gol çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gökdepe şaýolunyň ugrunda üstaşyr geçýän durky täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary hem-de onuň bezeg we gurluş çözgütleri bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy inženerçilik sungatynyň nusgasy boljak bu ýol-ulag desgasynyň gurluşygynda häzirki zaman tehnologiýalaryny we serişdeleri ulanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowanyň hasabat bermeginde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň we durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Taslamalaryň hatarynda: lukmançylyk klasteriniň we sanjym öndürýän zawodyň, çeper halyçylyk kärhanasynyň, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň şeýle hem medeni-dynç alyş merkeziň taslamalalary bar.

12012024-gorod-arkadag (1).jpg

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy medeni-dynç alyş merkeziniň şekil taslamalary synlady we emeli suw howdanynyň gurluşygyna jogapkärli çemeleşmelidigini şeýle-de myhmanlaryň tebigatyň gözelliginden we milli medeniýetden lezzet alar ýaly gaýtalanmajak künjegiň döredilmegini tabşyrdy Bu ýerde şeýle hem myhmanhana we türkmen tagamlaryny taýýarlaýan naharhana gurular.

Seýilgäh ahalteke bedewleriniň gözelligini we güýjüni wasp edýän ajaýyp heýkeltaraşçylyk kompozisiýa bilen bezeler. Golaýynda ýerleşýän interaktiw monitorlarda myhmanlara bu rowaýata öwrülen bedewleriň nesliniň baý taryhyny öwrenmäge hem-de onuň görnükli wekilleri we türkmen atçylarynyň gazananlary barada öwrenmäge mümkinçilik berer.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze desgalar gurlanda gurluşyk kadalaryny we ülňülerini berk berjaý etmegiň zerurdygyny aýtdy. Häzirki zamanyň öňdebaryjy gazananlaryny we milli däpleri sazlaşdyryp ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmakda binalaryň binagärlik görnüşine aýratyn üns berildi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli gurluşyk kärhanalarynyň şol sanda “Garagum”, “Saýaly menzil”, “Dost gurluşyk”, “Ýedi ýer söwda-önümçilik”, “Ajaýyp gurluşyk”, “Mukaddes gün”, “Ak tab” we “Berk teker” hususy kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda bu ýerde iş ýygnagyny geçirdi.

Hasabatlary diňläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Derýageldi Orazowa we Gülşat Mämmedowa Arkadag şäherinde täze desgalaryň gurluşygyny telekeçiler bilen sazlaşykly ýola goýmak barada görkezme berdi.

Iş maslahaty tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň Jemagat hojalygy gullugyna gelip gowşan täze tehnikalary bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026