HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Bütindünýä hindi güni geçirildi

Ýanwar 12, 2025 | 11:10 |6860
2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Bütindünýä hindi gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat, ilçihananyň işgärleri, institutyň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Çäräniň başynda institutyň rektory M.Çaryýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Rektor öz çykyşynda ýokary okuw mekdebi bilen Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň talyplar tarapyndan hindi dilini has çuňňur öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Bütindünýä hindi gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat, ilçihananyň işgärleri, institutyň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Çäräniň başynda institutyň rektory M.Çaryýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Rektor öz çykyşynda ýokary okuw mekdebi bilen Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň talyplar tarapyndan hindi dilini has çuňňur öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi
Çeşme: arzuw.news

2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Bütindünýä hindi gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat, ilçihananyň işgärleri, institutyň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Çäräniň başynda institutyň rektory M.Çaryýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Rektor öz çykyşynda ýokary okuw mekdebi bilen Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň talyplar tarapyndan hindi dilini has çuňňur öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.

12012025_день_хинди.JPG

Soňra hanym, Ilçi çykyş etdi we Bütindünýä hindi gününi bellemegiň möhümdigini belledi. Hormatly Madhumita Hazarika Bhagat, Türkmenistanda hindi diliniň meşhurlygyny, şeýle hem bu uniwersitetiň mugallymlarynyň we talyplarynyň hindi dilini bilişiniň ýokary derejesini aýratyn nygtady.

Soňra hindi dilini öwrenýän talyplar türkmen we hindi edebiýatynyň ýakynlygy, halklaryň medeniýetleriniň we däp-dessurlarynyň meňzeşligi barada çykyş etdiler. Olar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusyny Magtymguly Pyragynyň hindi diline terjime edilen goşgularyny ruhybelentlik bilen okadylar, Rabindranat Tagoryň, Mkanlal Çaturwediniň, Hariwanş Raý Baççanyň goşgularyny hindi dilinde çeper okamaklary, ussatlyk bilen ýerine ýetiren hindi tansy we türkmen milli tansy – küştdepdi dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Bütindünýä hindi güni mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda düzme ýazmak we goşgy terjime etmek boýunça geçirilen bäsleşigiň jemi jemlenip, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplar sylaglandylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026