HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Starlink” we “AirBaltic” ähli ýolagçylar üçin mugt çalt interneti ýola goýandyklaryny habar berdi

Ýanwar 09, 2025 | 11:58 |7460
Latwiýanyň milli howa gatnawy “Air Baltic” öz uçarynda “Starlink” hemra internetiniň işleýşini barlamak üçin synag uçuşyny geçirdi, bu Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy agentliginiň (EASA) degişli şahadatnama almak üçin zerurdyrLatwiýanyň milli howa gatnawy “Air Baltic” öz uçarynda “Starlink” hemra internetiniň işleýşini barlamak üçin synag uçuşyny geçirdi, bu Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy agentliginiň (EASA) degişli şahadatnama almak üçin zerurdyr
Çeşme: travel-dealz.com

Latwiýanyň milli howa gatnawy “Air Baltic” öz uçarynda “Starlink” hemra internetiniň işleýşini barlamak üçin synag uçuşyny geçirdi, bu Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy agentliginiň (EASA) degişli şahadatnama almak üçin zerurdyr.

Awiakompaniýanyň habaryna görä, “Starlink” internediniň işleýşi Riga uçan “Airbus A220-300” uçarynda synag edildi. Uçuş wagtynda internet-terminalynyň işleýşi we internet-birikmesiniň hili barlandy.

“Air Baltic” 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda öz uçarlaryna “Starlink” terminallaryny gurup başlamagy meýilleşdirýär we tutuş awiaparkyny şeýle terminallary ornaşdyrar. “Air Baltic” kompaniýasynyň ýolagçylara uçuş wagtynda internete giriş hyzmaty mugt bolar diýip, göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda amerikanyň kosmos kompaniýasy “SpaceX” -iň golçur kärhanasy tarapyndan işlenip düzülýän “Starlink” hemra interneti dünýäde takmynan 4,6 million müşderi tarapyndan ulanylýar. Geçen ýyldan bäri Ýeriň pes orbitasyndaky emeli hemralaryň ulgamy arkaly internete girmegi üpjün edýän “Starlink” raýat awiasiýasyna bu hyzmaty hödürläp başlady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

15:15 Iýul 31, 2026
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026