HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Indoneziýa BRICS-e goşuldy

Ýanwar 07, 2025 | 12:05 |6358
Indoneziýa BRICS-iň doly agzasy boldy, Braziliýanyň hökümeti bu barada maglumatyň ýurduň DIM-iň resmi web sahypasynda ýerleşdirilendigini habar berdiIndoneziýa BRICS-iň doly agzasy boldy, Braziliýanyň hökümeti bu barada maglumatyň ýurduň DIM-iň resmi web sahypasynda ýerleşdirilendigini habar berdi
Çeşme: inform.kz

Indoneziýa BRICS-iň doly agzasy boldy, Braziliýanyň hökümeti bu barada maglumatyň ýurduň DIM-iň resmi web sahypasynda ýerleşdirilendigini habar berdi.

“1-nji ýanwarda başlanan we 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam etjek Braziliýanyň wagtlaýyn BRICS-e başlyklygynyň çäginde Braziliýa hökümeti düýn, 6-njy ýanwarda Indoneziýa Respublikasynyň doly agza hökmünde BRICS-e resmi taýdan girendigini yglan etdi” – diýip beýanatda aýdylýar.

Indoneziýanyň dalaşgärligi 2023-nji ýylyň awgust aýynda Ýohannesburgdaky sammitinde toparyň ýolbaşçylarynyň arasynda ylalaşyk esasynda tassyklandy, muňa garamazdan, gurama goşulmak bu ýurtda prezident saýlawlaryndan we täze hökümetiň düzülmeginden öň bolupdy.

Prezident Wladimir Putin metbugat maslahatynda göni ýaýlymda köp döwletiň BRICS-iň ösüşine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy, sebäbi guramadaky ähli kararlar ylalaşyk esasynda kabul edilýär. Rus lideriniň belleýşi ýaly, birleşme Günbatara garşy gural däl, eýsem agzalarynyň bähbidine işleýär.

BRICS – 2006-njy ýylda Russiýa, Hytaý, Hindistan we Braziliýa tarapyndan döredilen döwletara birleşigi, oňa 2011-nji ýylda GAR goşuldy. Moskwa 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri guramnyň başlyklygy wezipesini ýerine ýetirdi, häzirki wagtda başlyklyk Brazilýa geçdi. Geçen ýyl bu topara Müsür, Efiopiýa, Eýran we BAE goşuldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026