HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Çehiýaly sürüjisi ýük awtoulaglary görnüşinde “Dakaryň” tapgyrynda ýeňiji boldy

Ýanwar 07, 2025 | 12:21 |6595
“Toyotada” awtoulagyny sürýän çeh Martin Masik, ýük awtoulaglary görnüşinde Saud Arabystanynda bolup geçýän “Dakar” rally-marafonynyň ikinji tapgyrynda ýeňiji boldy“Toyotada” awtoulagyny sürýän çeh Martin Masik, ýük awtoulaglary görnüşinde Saud Arabystanynda bolup geçýän “Dakar” rally-marafonynyň ikinji tapgyrynda ýeňiji boldy
Çeşme: rsport.ria.ru

“Toyotada” awtoulagyny sürýän çeh Martin Masik, ýük awtoulaglary görnüşinde Saud Arabystanynda bolup geçýän “Dakar” rally-marafonynyň ikinji tapgyrynda ýeňiji boldy.

Ol iki günläp dowam eden uzynlygy 967 km bolan ýörite aralygy 12 sagat 10 minut 51 sekuntda geçdi. Ondan soň bolsa watandaşy Ales Loprais (Iveco; 9 minut 43 sekunt yzda) we litwaly Vaidotas Zala (Iveco; +18.52) geçdi.

Ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulaglaryň derejesinde “Toyota”-da saudly Ýazid Al-Raji (10:56.54), ikinji orunda GAR-nyň wekili Henk Lategan (+4.16) “Toyota”, üçünji orny katarly Nasser Al-Attiýa (+6.29) eýeledi.

SSV klassynda çylşyrymly ýol şertlerinden geçmäge ukyply ulaglaryň arasyndaky amerikaly Brok Heger (Polaris, 11:57.43) öňdeligi eýeledi, ondan soň fransuz Kawier de Soultre (Polaris, +7.26) we portugaliýaly Aleksandr Pinto (BRP, +38.08). “Challenger” klassynda ýeňşi gollandiýaly Pol Spierings (Taurus, +11: 57.48) gazandy, argentinaly Nikolas Kawilýasso (Taurus, +0.02) ikinji, amerikaly Korbin Liwerton (Taurus, +3.01) üçünji boldy.

Motosikleriň arasynda awstraliýaly Daniel Sanders (KTM, 11:12.13), tapgyryň ýeňijisi boldy, amerikan Skaýler Hous (Honda, +7.37) ikinji, ispaniýaly Toşa Skareýna (Honda, +7.41) üçünji boldy.

Umumy hasapda ýük awtoulaglarynyň arasynda Masik (17:24.29), ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulaglaryň – Lategan (15:40.30), SSV – de Sultre (16:57.52), Challenger – Kawilýasso (16:45.02), motosiklleriň arasynda – Sanders (16:10.31) öňdeligi saklaýarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026