HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TOPH gaz geçirijisi: Owganystan we Türkmenistan işleri çaltlaşdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşýar

Ýanwar 09, 2025 | 09:59 |10292
2025-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Kabul şäherinde Owganystanyň dag-magdan we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hedaýatulla Badri bilen TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanowyň arasynda duşuşyk geçirildi2025-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Kabul şäherinde Owganystanyň dag-magdan we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hedaýatulla Badri bilen TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanowyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: newscentralasia.net

2025-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Kabul şäherinde Owganystanyň dag-magdan we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hedaýatulla Badri bilen TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasynyň soňky gazananlary, şeýle hem taslamanyň galan işleri tizleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Owganystanyň raýatlary üçin täze iş orunlarynyň döredilmegine, şeýle hem taslama gatnaşýan owgan inženerleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Dekabr aýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň çägindäki Serhetabat – Hyrat böleginde gurluşyk işleriniň gidişi bilen tanyşdy. Bu bölegiň gurluşygy 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlandy we TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm tapgyr bolup durýar. TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň “Arkadagyň ak ýoly” diýip atlandyrylan Serhetabat — Hyrat bölegi, Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynda meýilleşdirildi. Bu, taslamanyň Türkmenistan üçin ähmiýetini we mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge bolan islegini tassyklaýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026