HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Saud ösüş gaznasy bilen hyzmatdaşlygy berkidýär

Ýanwar 08, 2025 | 02:30 |9000
7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud ösüş gaznasynyň Baş direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşad bilen duşuşyk geçirdi7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud ösüş gaznasynyň Baş direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşad bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: alarabiya.net

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud ösüş gaznasynyň Baş direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşad bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda bu gazna bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Gazna saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maliýe ulgamlaryndaky iri taslamalary maliýeleşdirilmegine işjeň gatnaşdy.

Taraplar hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we täze başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler we myhman Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Sultan Abdulrahman Al-Marşad şeýle hem Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Duşuşykda saud maýasynyň gatnaşmagyndaky gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, suw we oba hojalygy, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky geljegi uly bolan taslamalary gözden geçirdiler.

Sultan Abdulrahman Al-Marşadyň Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Saud ösüş gaznasynyň arasynda degişli resminama gol çekildi. Bu resminama, hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilendir diýip, Türkmenistanyň Döwlet teleradio ýaýlymynyň habarlar gepleşiginde habar berildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

04:00 Oktýabr 28, 2026
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026