HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2025-nji ýylda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde Türkmenistanyñ ädimleri

Ýanwar 07, 2025 | 13:40 |6845
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalaryny Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ garamagyna hödürledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalaryny Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ garamagyna hödürledi.
Çeşme: newscentralasia.net

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalaryny Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ garamagyna hödürledi.

Taýýarlanylan iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleriñ işi nebitgaz känlerini çuñlaşdyryp özleşdirmäge, tebigy we ugurdaş gazyñ, nebitiñ we gaz kondensatynyñ alnyşyny ýokarlandyrmaga gönükdiriler. Şeýle-de suwuklandyrylan gazyñ önümçiliginiñ möçberini artdyrmak, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, nebit önümlerini içerki sarp edijilere we daşarky bazarlara ibermek wezipeleri göz öňünde tutuldy.

"Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy täze nebite we gaza baý bolan gurluşlary ýüze çykarmak, gaty magdanlary we ýerasty suwlary gözlemek işini alyp barar. Ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işlere aýratyn ähmiýet beriler.

Dünýäde iri gaz känleriniñ bori bolan “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy 2025-nji ýylda öñde duran möhüm wezipeleriň hatarynda bellenildi. Türkmenistanyñ Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyñ milli ykdysadyýetimiziň möhüm strategiki pudagy hökmünde wajyp orny barada belledi.

Döwlet Baştutany pudagyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagy, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we öñde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Taýýarlanylan iş meýilnamalar makullanyp, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026