HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-nyň Kongresi Trampy 60-njy prezident saýlawlarynyň ýeňijisi diýip yglan etdi

Ýanwar 07, 2025 | 10:05 |6166
ABŞ-nyň Kongresi Donald Trampy 2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilen 60-njy prezident saýlawlarynyň ýeňijisi diýip resmi taýdan yglan etdi.ABŞ-nyň Kongresi Donald Trampy 2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilen 60-njy prezident saýlawlarynyň ýeňijisi diýip resmi taýdan yglan etdi.
Çeşme: rbc.ru

ABŞ-nyň Kongresi Donald Trampy 2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilen 60-njy prezident saýlawlarynyň ýeňijisi diýip resmi taýdan yglan etdi.

Respublikançylar partiýasyna wekilçilik edýän Tramp saýlaw wekilleriniň 270 gerek bolan sesinden 312 ses gazanyp, 77 mln gowrak saýlawçylaryň sesine eýe boldy. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 45-nji we 47-nji prezidenti bolar.

Ýeňiş barada bildirişi häzirki wise-prezident we Senatyň başlygy Kamala Harris tarapyndan habar edildi.

  • Florida ştatynyň ýaşaýjysy Donald J.Tramp 312 ses gazandy. Kaliforniýa ştatynyň ýaşaýjysy Kamala D.Harris 226 sese eýe boldy – diýip, saýlaw wekilleriniň sesleriniň sanalmagyndan soň Harris habar berdi. Tramp özüniň begenji bilen sosial ulgamlarda paýlaşyp, “bu Make America Great Again (MAGA) hereketinde beýik pursatdyr” diýip belledi.

Trampyň wezipä girişmek dabarasy 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwaryna bellenen.

Tramp 2020-nji ýylyň saýlawlaryndaky ýeňlişinden soň häkimiýete gaýdyp gelýär. Öňki saýlawlarda ýeňlişe sezewar bolup, Ak tama gaýdyp gelmegi başaran Trampdan öňki ýeke-täk prezident – demokrat Grower Kliwlend.

Wezipä girişmek gününde Tramp ABŞ-nyň Prezident wezipesine girişen ýaşy boýunça iň uly syýasatçysy bolar. 14-nji iýunda ol 78 ýaşar. Habarda bellenilşi ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda ol dört ýyl mundan öň döwlet baştutany wezipesine geçen Jo Baýdenden 5 aý uly bolar.

Ozal ABŞ-nyň prezident saýlawlarynyň netijelerini saýlaw wekileriniň kollegiýasy tassyklady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

04:00 Oktýabr 28, 2026
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026