HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Teatr, sirk we Bolliwud: mekdep okuwçylarynyñ ýatdan çykmajak dynç alyş günleri

Ýanwar 03, 2025 | 21:00 |6721
Gyşky dynç alyş günleri - medeni we şowhunly çärelere gatnaşyp, maşgalañ bilen bilelikde wagtyñy geçirmegiñ ajaýyp pursadydyr. Size gyşky dynç alyş günlerini täsin we gyzykly geçirmegiñ birnäçe ýollaryny hödürleýäris.Gyşky dynç alyş günleri - medeni we şowhunly çärelere gatnaşyp, maşgalañ bilen bilelikde wagtyñy geçirmegiñ ajaýyp pursadydyr. Size gyşky dynç alyş günlerini täsin we gyzykly geçirmegiñ birnäçe ýollaryny hödürleýäris.
Çeşme: www.newscentralasia.net

Gyşky dynç alyş günleri - medeni we şowhunly çärelere gatnaşyp, maşgalañ bilen bilelikde wagtyñy geçirmegiñ ajaýyp pursadydyr. Size gyşky dynç alyş günlerini täsin we gyzykly geçirmegiñ birnäçe ýollaryny hödürleýäris.

Seýilgählerde we merkezi meýdançalarda gezelençler

Aşgabadyñ, Arkadag şäheriniñ hem-de welaýatlaryñ beýleki şäherleriniñ merkezi seýilgähleriniñ we meýdançalarynyñ baýramçylyk bezegleri Türkmenistanyñ ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna şatlykly duýgulary paýlaýar. Bezelen arçalar, foto surata düşmek üçin niýetlenen ajaýyp zolaklar we olaryñ owadan bezelşi erteki ýaly täsin görünýär. Täze ýyl arçalaryñ ýerleşdirilen seýilgählerine we meýdançalaryna baryp, ol ýerdäki baýramçylyk gurşawyna aralaşyp ýadygärlik foto suratlary alyñ. Bu hem her günki adaty işlerden uzaklaşyp, wagtyñy açyk howada saglyk üçin peýdaly ýagdaýda geçirmek üçin mümkinçilikdir. Sebäbi bu günler Gün şöhlelerini saçyp, ýaşaýjylary maýyl howa bilen begendirýär.

Maşgala bolup teatra gitmek

Mekdep okuwçylaryñ dynç alyş günlerinde ýurduñ ähli teatrlarynda çagalar üçin sahna oýunlary görkezilýär. Bu hem täsinlik dünýäsine aralaşyp, çagalary teatr sungaty bilen tanyşdyrmak üçin ajaýyp pursatdyr.

Muzeýlere sergilere ýa-da taryhy-medeni ýadygärliklere baryp görmek

Ýurdumyzyñ muzeýleri Türkmenistanyñ medeni mirasy barada öwrenmek we ajaýyp eksponatlar bilen tanyşmak üçin yzygiderli sergileri geçirip durýar. Muzeýlere baryp görmek, esasanam, bilesigeliji çagalaryñ göwnüne ýarar. Ýurdumyzyñ taryhy ýadygärliklerine baryp görmek hem taryh baradaky bilimleri baýlaşdyrmaga ýardam berer.

Sirk tomaşasy

Bu günler Türkmenistanyñ Döwlet sirkinde "Akylly ýylan we aldarköse" baýramçylyk tomaşasy görkezilýär. Tomaşada "Türkmen jigitleri" toparynyñ akrobatika çykyşlary, "Galkynyş" at üstündäki milli oýunlar toparynyñ artistleriniñ çykyşlary, şeýle hem hindi makakalarynyñ, baktriýa düýeleriniñ we Germaniýanyñ gülkunçje güjüjikleriniñ çykyşlary bar. Tomaşalar 2025-nji ýylyñ 10-njy ýanwaryna çenli her gün geçirilýär.

Hindi aýdym-sazynyñ konserti

Janly sazyñ we medeni dynç alşyñ muşdaklary üçin 9-njy ýanwarda Türkmenistanyñ Medeniýet merkeziniñ Mukamlar köşgünde hindi kinosyna bagyşlanan aýdym-saz agşamsy geçiriler. Çäre Aşgabatdaky Hindistanyñ ilçihanasy hem-de Türkmenistanyñ Medeniýet ministrligi bilen bilelikde geçirilýär. Myhmanlara Bolliwudyñ meşhur owazlaryny ýerine ýetirjek Türkmenistanyñ Döwlet simfoniki orkestriñ sazandalarynyñ çykyşlary garaşýar. Biletleri Hindistanyñ ilçihanasynda 4-7-nji ýanwar aralygynda sagat 14:00-den 16:00-e çenli mugt alyp bolar.

Ýakymly goşmaçalar

Eger-de siz wagtyñyzy maşgala bolup kino ýa-da multiflm tomaşa edip geçirmegi gowy görýän bolsañyz, onda kinokonsert merkezleri siziñ hyzmatyñyzda. Ýanyñ bilen ýyljakyk patrak alyp kinozala kino tomaşa etmäge barmak gyşky dynç alyş üçin ajaýyp pikirdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026