HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda “Älem işi baradaky” Kanun ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýanwar 03, 2025 | 16:30 |5256
Özbegistanda Oliý Mažlis Senatynyň umumy mejlisinde ýurduň älem ulgamyny düzgünleşdirmekde möhüm ädim bolan “Älem işi baradaky” Kanun ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi belleýär.Özbegistanda Oliý Mažlis Senatynyň umumy mejlisinde ýurduň älem ulgamyny düzgünleşdirmekde möhüm ädim bolan “Älem işi baradaky” Kanun ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi belleýär.
Çeşme: yuz.uz

Özbegistanda Oliý Mažlis Senatynyň umumy mejlisinde ýurduň älem ulgamyny düzgünleşdirmekde möhüm ädim bolan “Älem işi baradaky” Kanun ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi belleýär.

Bu Kanun älem işiniň umumy düşünjelerini we ýörelgelerini, şeýle hem bu babatda döwlet syýasatynyň maksatlaryny we ugurlaryny kesgitleýär. Onda dürli döwlet edaralarynyň, şol sanda Ministrler Kabinetiniň we Sanly tehnologiýalar ministrliginiň, şeýle-de Älem barlaglaryň we tehnologiýalaryň agentligi ýaly garamagyndaky kärhanalaryň ygtyýarlyklary göz öňünde tutulan.

Bu Kanun dürli meseleleri, şol sanda älem giňişliginiň ylmy barlaglary, Ýeri uzak aralykdan zondlaşdyrmak, älem monitoringi we aragatnaşyk ulgamlary ýaly meseleleri öz içine alýar. Şeýle-de onda älem infrastrukturasynyň howpsuzlygy, älem obýektleriniň galyndylaryny gaýtadan ulanmak we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine garalýar. Kanunyň kabul edilmegi Özbegistanda älem işiniň binýadyny döretmäge mümkinçilik berer, bu bolsa tehnologiýalaryň ösmegine hem-de munuň ýaly strategiki wajyp pudaga maýa goýumlaryň çekilmegine ýardam berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

07:13 Awgust 29, 2026
1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

07:08 Awgust 29, 2026