“Apple” aždarhanyň şekili ýerleşdirilen ýörite “AirPods Pro” çykardy


Häzirlerem “Hytaýyň Täze ýyly” diýlip atlandyrylýan aý senenamasy boýunça Täze ýylyň ýakyllaşmagy mynasybetli, amerikaly öndüriji “Apple” aždarha ýylan ýyly mynasybetli oýulyp çekilen ikinji nesil “AirPods Pro” çäkli önümini çykardy. Enjam asyl gutusynda kompaniýanyň web sahypasynda hödürlendi.
“MacRumors” neşiriniň habaryna görä, adaty bolmadyk “AirPods Pro” Mawy aždarhanyň ýylynyň bellenilýän ýurdy bolan Hytaýyň, Gonkongyň, Taýwanyň, Singapuryň, Wýetnamyň we Makaonyň şeýle hem Günorta Koreýanyň “Apple” onlaýn dükanlarynda elýeterlidir.
“AirPods Pro”-da USB-C zarýad gutysynda oýulyp çekilen aždarhanyň şekili bar ýagny olar ýüzüne çap edilen gyzyl aždarhaly guty bilen üpjin edýär. Bu gulaklyklaryň beýlekileri aýratynlyklar we bahalar nukdaýnazaryndan adaty wersiýadan tapawudy ýok.
ORIENT news








