HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbek bilermeni: Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoly ählumumy zynjyr üpjünçiliginde Mekezi Aziýanyň ornuny güýçlendirer

Ýanwar 02, 2025 | 11:41 |5951
Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoly möhüm infrastruktura taslamasy bolup, Hytaýyň, Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Orta Gündogaryň arasynda ýük daşalmalaryň wagtyny ep-esli derejede azaldar.Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoly möhüm infrastruktura taslamasy bolup, Hytaýyň, Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Orta Gündogaryň arasynda ýük daşalmalaryň wagtyny ep-esli derejede azaldar.
Çeşme: railway.supply

Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoly möhüm infrastruktura taslamasy bolup, Hytaýyň, Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Orta Gündogaryň arasynda ýük daşalmalaryň wagtyny ep-esli derejede azaldar.

Bilermenleriň, şolaryň arasynda Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Döwlet we hukuk institutynyň uly ylmy işgäri Rawşan Nazarowyň aýtmagyna görä, bu demir ýol üç ýurduň esasy ykdysady merkezlerini birleşdirip, Gazagystana, Russiýa we Ýewropa çenli ugruny giňelder. Bu hem logistiki akymlaryny gowulandyrmak üçin möhüm bolan Merkezi Aziýanyň üsti bilen çalt aragatnaşygy üpjün eder.

Bilermeniň Sinhua habarlar agentligine beren gürrüňdeşliginde aýtmagyna görä, taslama “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyň çäklerinde sebitiň serhetüsti ulag ulgamynyň ýetmeýän ýerlerini dolup, gatnaşyjy-ýurtlaryň logistikasynyň integrasiýasyna hem-de ykdysady özara baglanyşygyna ýardam edip biler. Mundan başga-da, täze demir ýol agdyk ýüklemeleri azaldar, serhet gözegçiligini geçmek işini aňsatlaşdyrar hem-de ýük zaýalanma howpyny peselderю Bu bolsa, öz gezeginde, logistika çykdajylaryny ep-esli derejede azaldar.

Taslamanyň senagat, oba hojalygy we energetika ýaly pudaklaryň ösmegine, şeýle hem ýurtlaryň arasynda söwda we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine garaşylýar.

Bu ugruň geologiýa şertleriň we gurluşyk çykdajylaryň hasaba alynmagyn bilen meýilleşdirilendigini bellemek zerur. Bu hem ýokary seýsmiki howply zolaklaryň we çylşyrymly bölekleriň daşyndan geçmäge mümkinçilik berer. Şeýlelik bilen, demir ýol diňe bir ykdysady ösüşi işjeňleşdirmän, eýsem öz geçjek ýurtlarynda durmuş ösüşi üçin esas döredýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026