HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Forbes Education bilim ulgamynda ýylyň baş sözlerini atlandyrdy

Dekabr 30, 2024 | 13:10 |8350
Forbes Education ilkinji gezek bilim ulgamynda ýylyň baş sözlerini kesgitlemek üçin bilim we magaryf ulgamynyň bilermenleriniň, dil biliminiň hünärmenleriniň, neşirleriň we ýöriteleşdirilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de hususy we döwlet mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda ses berme geçirdi.Forbes Education ilkinji gezek bilim ulgamynda ýylyň baş sözlerini kesgitlemek üçin bilim we magaryf ulgamynyň bilermenleriniň, dil biliminiň hünärmenleriniň, neşirleriň we ýöriteleşdirilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de hususy we döwlet mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda ses berme geçirdi.
Çeşme: azertag.az

Forbes Education ilkinji gezek bilim ulgamynda ýylyň baş sözlerini kesgitlemek üçin bilim we magaryf ulgamynyň bilermenleriniň, dil biliminiň hünärmenleriniň, neşirleriň we ýöriteleşdirilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de hususy we döwlet mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda ses berme geçirdi.

Her bir gatnaşyjy hödürlenen sanawdan üç sözden saýlap ýa-da öz şahsy teklibini aýdyp bilýärdi.

Ses bermegiň öňdebaryjylygyny 69,7 % sesi gazanan “emeli aň” adalgasy boldy. Bu saýlama bilim prosesinde tehnologiýalaryň artýan täsirini açyp görkezip, emeli aňyň okuw maksatnamalaryna girizilmeginiň wajyplygyny belleýär.

Ikinji ýerde 19,7 % eýe bolan “halypaçylyk” sözi dur. Bu hem bilim gurşawynda mugallymyň ornunyň üýtgemegini tassyklaýar: indi ol diňe bir bilimleri bermän, eýsem halypa hökmünde çykyş edip, okuwçylaryň ukyp-başarnyklarynyň ösmegine ýardam edýär.

Üçünji ýeri 18,2 % ses bilen “şahsylaşdyrma” sözi eýeledi. Bu bolsa her bir okuwçynyň özboluşly zerurlyklaryny göz öňünde tutýan okatmagyň şahsy çemeleşme zerurlygyny görkezýär.

Iň gowy bäşligiň sanawyna her birisi 13,6 % sese eýe bolup, “dersara” we “kwadrober” adalgalary girizildi. Bu sözler zähmet bazarynda hem-de okuw çemeleşmelerinde häzirki zaman ugurlaryny şöhlelendirýär. Onluk sanawyna “hususy mekdepler”, “kollej”, “maliýe sowatlylygy”, “geýmifikasiýa” we “Sferum” ýaly adalgalar girizilip, olar bilim ugamynda derwaýys mowzuklaryň köpdürliligini açyp görkezýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026