HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti täze kitabyny ýazyp tamamlady we ýyly jemledi

Dekabr 28, 2024 | 04:15 |8570
Welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde, Prezident Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň baý edebi we pelsepewi döredijiligine, türkmen halkynyň şöhratly oglunyň dünýä medeniýetiniň hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşandyna bagyşlanan kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdiWelaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde, Prezident Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň baý edebi we pelsepewi döredijiligine, türkmen halkynyň şöhratly oglunyň dünýä medeniýetiniň hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşandyna bagyşlanan kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi
Çeşme: orient.tm

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde, Prezident Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň baý edebi we pelsepewi döredijiligine, türkmen halkynyň şöhratly oglunyň dünýä medeniýetiniň hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşandyna bagyşlanan kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.

Mundan başga-da, “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitapda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapdy.

Wise-premýer, daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Raşid Meredow öz gezeginde häzirki hökümet mejlisiniň ähmiýetini hem-de onuň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem ol bu waka, Birleşen Milletler Guramasynyň belent mümberinde beýan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň logiki dowamydygyny nygtady. Öz wagtynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ýörelgesiniň amaly beýany bolan bu kararnama 86 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi.

Şu ýylyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ýubleýine hem-de gymmatyny ýitirmeýän edebi we pelsepewi mirasyna bagyşlanan ýüzlerçe dabaraly çäreler dünýäniň köp ýurtlarynda geçirildi. 2025-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda maslahatlar, forumlar, bäşleşikler, sergiler we beýleki çäreler geçiriler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depginlerini gazanandygyny, sebitlerde önümçilik we durmuş ugurly desgalarynyň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini hem-de ähli gyzyklanýan taraplar, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen ilkinji nobatda BMG bilen özara gatnaşyklaryň bardygyny, Baş Assambleýa biziň ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen birnäçe kararnamalary kabul edendigini belledi.

Giňişleýin geçirilen Hökümet mejlisiniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylara ýüzlenip, baýramçylyk çärelerini, hususan-da ýakyn wagtda we umuman alanyňda geljek ýylda, BMG-niň Baş Assambleýasynda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň ýubleýi mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerini bökdençsiz guramak barada görkezmeler berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026