HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarusda dünýäde ilkinji gezek emeli aň esasynda doly görnüşli mutlfilm döredildi

Dekabr 27, 2024 | 14:33 |19721
Belarusda dünýäde ilkinji gezek emeli aň esasynda doly görnüşli mutlfilm döredildi diýip, BELTA habar berýär.Belarusda dünýäde ilkinji gezek emeli aň esasynda doly görnüşli mutlfilm döredildi diýip, BELTA habar berýär.
Çeşme: belta.by

Belarusda dünýäde ilkinji gezek emeli aň esasynda doly görnüşli mutlfilm döredildi diýip, BELTA habar berýär.

Arteki belarus studiýasy tarapyndan döredilen “Belowež tokaýy” (“Беловежская пуща”) multfilmi dostluk, maşgala we tebigatyň güýji baradaky hyýaly elemenetleri bolan gyzykly wakalar komediýasydyr. Ol hakykylyk bilen tapawutlanyp, aýdym-sazdan, ýagşylykdan we degişmelerden doludyr.

Munuň ýaly multfilm baradaky pikir taslamanyň režissýorlarynyň birinde döredi. Ony muňa “Belowež tokaýy” (“Беловежская пуща”) aýdymy ruhlandyrdy. Multfilmiň gysgaldylan görnüşi bir gije-gündiziň dowamynda döredildi, we mundan soňra topar hökmany ýagdaýda onuň doly görnüşiniň bolmalydygyna düşündi.

Arteki Studio direktory we taslamanyň prodýusserleriň biri Oleg Atýakşew multfilmiň gysga görnüşi köp kalplary eýeländigini aýtdy. Hemmeler bu hekaýanyň dolulygyna nähili boljakdygyny görmek islediler.

Multfilmi emeli aň arkaly döretmek işiň wagtyny ep-esli derejede gysgaldýar. Eger-de doly görnüşli multfilmi döretmek işi 30 aýdan 6 ýyla çenli wagt talap edýän bolsa, emeli aňyň ulanylmagy bilen Belowež tokaýy” (“Беловежская пуща”) multfilmi 2,5 aýyň dowamynda döredildi.

“Başda bizde diňe pikir bardy, mazmuny hat-da ýokdy. Biz ony işiň dowamynda ýazyp, uýgunlaşdyryp, şeýle-de şekilleri işläp düzýädik. Şeýlelikde, 2,5 aýyň dowamynda bizde doly görnüşli multfilm döredi” – diýip gürrüň berdi.

Multfilmiň şeýle gysga wagtyň içinde dörändigi barada aýtmak bilen, Oleg Atýakşew toparyň Belarusda emeli aň esasynda ilkinji doly görnüşli multfilmiň dörändigi barada dünýä derejesinde mälim etmek isländigi barada aýtdy. Geljekde multfilmiň festiwallarda görkezilmegi göz öňünde tutulýar. Soňra bolsa köpçülikleýin goýberilişi meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026