HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň Daşary işler ministrligi daşary ýurtlularyň elektron wiza boýunça galmak möhletini uzaltmagy teklip etdi

Dekabr 28, 2024 | 12:30 |6807
Dekabryň başynda Russiýa Federasiýasy raýatlary Russiýa bitewi elektron wiza boýunça gelip bilýän ýurtlaryň sanyny 64-e çenli giňeltdi. Sanawa Barbados, Butan, Zimbabwe, Iordaniýa, Keniýa, Papua-Täze Gwineýa, Sent-Lýusiýa, Tonga, Trinidad we Tobago, Türkmenistan, Eswatini ýaly ýurtlar girizildi.Dekabryň başynda Russiýa Federasiýasy raýatlary Russiýa bitewi elektron wiza boýunça gelip bilýän ýurtlaryň sanyny 64-e çenli giňeltdi. Sanawa Barbados, Butan, Zimbabwe, Iordaniýa, Keniýa, Papua-Täze Gwineýa, Sent-Lýusiýa, Tonga, Trinidad we Tobago, Türkmenistan, Eswatini ýaly ýurtlar girizildi.
Çeşme: facebook.com

Moskwa daşary ýurtlylaryň elektron wiza boýunça galmak möhletini 30 güne çenli uzaltmagyň üstünde iş alyp barýar diýip, RIA Nowosti beren gürrüňdeşliginde RF-iň DIM-niň Konsullyk departamentiniň direktory Alekseý Klimow habar berdi.

Dekabryň başynda Russiýa Federasiýasy raýatlary Russiýa bitewi elektron wiza boýunça gelip bilýän ýurtlaryň sanyny 64-e çenli giňeltdi. Sanawa Barbados, Butan, Zimbabwe, Iordaniýa, Keniýa, Papua-Täze Gwineýa, Sent-Lýusiýa, Tonga, Trinidad we Tobago, Türkmenistan, Eswatini ýaly ýurtlar girizildi. Sanawdan Serbiýa we Andorra aýryldy. Olar bilen raýatlaryň özara wizasyz gelmekleri barada ikitaraplaýyn ylalaşyklar baglaşyldy.

“Häzirki wagtda ministrlik tarapyndan bitewi elektron wizanyň hereket ediş möhletini 60 gije-gündizden 120-ä çenli uzaltmak babatda kanunçylyga üýtgetmeleri girizmek, şeýle hem daşary ýurtly raýatyň Russiýada elektron wiza boýunça galmagyň rugsat berlen möhetini 16 gije-gündizden 30-a çenli uzaltmak barada iş alnyp barylýar” – diýip, diplomat belledi.

Onuň aýtmagyna görä, bu girizilen täzeçilikler ýurda syýahatçylyk, işewürlik, ynsanperwer we myhmançylyk maksady bilen gelýän daşary ýurtly raýatlaryň sanynyň köpelmegine ýardam eder. Munuň bilen birlikde, “migrasiýa gözegçiligi hem-de Russiýanyň milli howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplary ýeterli derejede saklanyp galar” diýip, Klimow belledi.

ORIENT NEWS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026