HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý 5-nji umumymilli ykdysady ýazuwyň netijelerini mälim etdi

Dekabr 27, 2024 | 11:19 |6656
Hytaý 5-nji umumymilli ykdysady ýazuwynyň netijelerini mälim etdi.Hytaý 5-nji umumymilli ykdysady ýazuwynyň netijelerini mälim etdi.
Çeşme: russian.news.cn

Hytaý 5-nji umumymilli ykdysady ýazuwynyň netijelerini mälim etdi.

Hytaýyň China Daily gündelik jemgyçetçilik-syýasy gazetiniň habar bermegine görä, ýazuwyň netijeleri soňky bäş ýylyň dowamynda ýudruň ykdysadyýetiniň ösüş gazanyp, şol bir wagtyň özünde durnuklylygyny saklandygyny görkezdi.

Ýazuwa laýyklykda, 2023-nji ýylyň ahyrynda Hytaýda ykdysadyýetiň ikinji we üçünji derejeli pudaklarynda işleýän 33,27 mln ýuridiki şahslar hasaba alyndy. Bu bolsa 2018-nji ýylyň ahyry bilen deňeşdirilende, 52,7 % köpdür.

2023-nji ýylyň ahyrynda ykdysadyýetiň ikinji we üçünji derejeli pudaklarynda 428,98 mln gowrak adam işledi. Bu bolsa 2018-nji ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende, 11,9 % köpdür.

Hususy telekeçileriň sany, takmynan, 88 mln barabar boldy. Netijede, takmynan, 179,56 mln adam iş bilen üpjün edildi.

Ykdysady ýazuw ýurduň ikinji derejeli (senagat, energetika, gurluşyk) we üçünji derejeli (hyzmat ediş pudagy, maliýe we ätiýaçlandyryş hyzmatlary, döwlet dolandyryşy, ylym we bilim) barada toplumlaýyn düşünje berýär, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi barada gymmatly maglumatlary hödürleýär.

Hytaý 2004-nji, 2008-nji, 2013-nji we 2018-nji ýyllarda dört sany umumymilli ykdysady ýazuwlary geçirip, 2023-nji ýylda resmi ýagdaýda bäşinjä başlapdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026