Daşkent GDA-nyň Ýaşlar paýtagty diýen adyny Azerbaýjanyň Gabala şäherine geçirdi


Daşkent Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýaşlar paýtagty diýen adyny Azerbaýjanyň Gabala şäherine geçirdi. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň habar bermegine görä, hormatly adyň geçirilmegi Özbegistanda geçirilen “Daşkent – 2024-GDA-nyň Ýaşlar paýtagty” diýen halkara taslamasynyň ýapylyş dabarasynyň dowamynda bolup geçdi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Syýasy, ynsanperwer we durmuş meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk departamentiniň direktorynyň orunbasary Halmurat Raşidow Daşkentde taslamanyň durmuşa geçirilmegine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlar baradaky Agentliginiň direktory Alişer Sadullaýewe GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Hormat hatyny gowşurdy.
“GDA-nyň Ýaşlar paýtagty” halkara taslamasy ýaş nesliň wekilleriniň döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda durnukly ösüş üçin maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine çekmek maksady bilen 2022-nji ýylyň maýynda hökümet başlyklary tarapyndan kabul edildi.
Taslama Arkalaşygyň ýurtlarynda rus elipbiýi boýunça ýurduň adyna görä nobatma-nobat amala aşyrylar. “Ýaşlar paýtagty” adyna mynasyp bolan şähere öz çäginde Ýaşlar baradaky Geňeşiň mejlisini hem-de GDA gatnaşyjy-döwletleriň ýaşlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň Forumyny kabul etmäge hukuk berilýär.
GDA-nyň hökümet başlyklarynyň geňeşiniň karary bilen 2026-njy ýylda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty diýen ady Kapan (Ermenistan) şäheri göterer.
ORIENT news








