HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine uçar heläkçiligi bilen baglanyşykly gynanç bildirdi

Dekabr 25, 2024 | 22:50 |8069
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Mangistau sebitinde Azerbaýjanyň awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň ýolagçylarynyň we ekipažynyň pida bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Mangistau sebitinde Azerbaýjanyň awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň ýolagçylarynyň we ekipažynyň pida bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi
Çeşme: AP

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Mangistau sebitinde Azerbaýjanyň awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň ýolagçylarynyň we ekipažynyň pida bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu baradaTürkmenistanyň Döwlet teleradio ýaýlymynyň habarlarynyň agşamky göýberilişinde habar berildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habar berlişi ýaly 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Baku-Grozny (Russiýa Federasiýasyna) aralygynda uçýan “Embraer 190” ýolagçy uçarynyň heläkçiligi netijesinde köp sanly adam pidasy boldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Karary bilen 2024-nji ýylyň 26-njy dekabrynda respublikanyň çäginde matam güni diýip yglan edildi.

25-nji dekabrda irden J2-824 belgili “Embraer 190” uçary Hazar deňziniň üstünden geçip barýarka adatdan daşary ýagdaý barada duýduryş berýär. Soňra uçaryň Aktau şäherinden 3 km uzaklykda heläkçilikli ýagdaýda gonandygy barada belli boldy.

Uçarda 62 ýolagçynyň we ekipažyň 5 agzasynyň bardygy bellenýär. Soňky maglumatlara görä, “Azerbaijan Airlines”-niň uçarynyň heläkçiliginden 32 adam halas boldy we olar häzirki bejergi alýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026