HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda 28 medal gazandy

Dekabr 26, 2024 | 17:30 |2242
2024-nji ýylyň 19-25-nji dekabry aralygynda Katar döwletiniň Doha şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi.2024-nji ýylyň 19-25-nji dekabry aralygynda Katar döwletiniň Doha şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň agyr atletika federasiýasy

2024-nji ýylyň 19-25-nji dekabry aralygynda Katar döwletiniň Doha şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi.

Bu Aziýa çempionatyna: 20 döwletden 237 türgen gatnaşdy.

Türkmen ýygyndysy ajaýyp netijeleri görkezip umumylykda 28 medal gazandy. Olardan: 11 sany altyn, 8 sany kümüş, 9 sany bürünç medal.

сборная Туркменистана по тяжелой атлетике

Ýeri gelende bellesek, türkmen türgeni Matýakubow Şahzadbegiň itekläp galdyran 219kg agramy hem-de umumylykda jemlän 396kg agramy Ýaşlaryň arasynda Dünýä rekordyny täzelemegi başardy. Ýaryşda bu türgenimiz üç altyn medaly gazandy.

Шахзатбек Матякубов

1. Amanowa Ogulşat (49 kg) - Ýetginjekleriň arasynda - Silterläp galdyrmakda 79kg galdyryp I orun we altyn medal; Itekläp galdyrmakda 97kg galdyryp II orun we kümüş medal; Umumylykda 176kg jemläp II orun we kümüş medal. Ýaşlaryň arasynda Silterläp galdyrmakda 79kg galdyryp I orun we altyn medal; Itekläp galdyrmakda 97kg galdyryp II orun we kümüş medal;Umumylykda 176kg jemläp II orun we kümüş medal.

2. Hürmenowa Maýagözel (59 kg) - Ýetginjekleriň arasynda Silterläp galdyrmakda 73kg galdyryp III orun we bürünç medal.

3. Kakamyradowa Gülälek (64 kg) - Ýaşlaryň arasynda Silterläp galdyrmakda 92kg galdyryp I orun we altyn medal;Itekläp galdyrmakda 110kg galdyryp III orun we bürünç medal; Umumylykda 202kg jemläp I orun we altyn medal.

4. Amanowa Medine (64 kg) - Ýaşlaryň arasynda Silterläp galdyrmakda 92kg galdyryp III orun we bürünç medal;Umumylykda 201kg jemläp II orun we kümüş medal.

5. Amangeldiýew Babur (67 kg) - Ýaşlaryň arasynda Silterläp galdyrmakda 128kg galdyryp III orun we bürünç medal.

турмкменские тяжелоатлеты

6. Jumabaýew Didarbek (73 kg) - Ýetginjekleriň arasynda Itekläp galdyrmakda 171kg galdyryp II orun we kümüş medal;Umumylykda 298kg jemläp III orun we bürünç medal.Ýaşlaryň arasynda Itekläp galdyrmakda 171kg galdyryp III orun we bürünç medal;

7. Rustamowa Anamjan (87 kg) - Ýaşlaryň arasynda Silterläp galdyrmakda 103kg galdyryp I orun we altyn medal; Itekläp galdyrmakda 135kg galdyryp I orun we altyn medal;Umumylykda 238kg jemläp I orun we altyn medal.

8. Akmyradow Yslam (89 kg) - Ýetginjekleriň arasynda Silterläp galdyrmakda 133kg galdyryp III orun we bürünç medal;Itekläp galdyrmakda 163kg galdyryp III orun we bürünç medal;Umumylykda 296kg jemläp III orun we bürünç medal.

9. Matýakubow Şahzadbek (102 kg) - Ýaşlaryň arasynda Silterläp galdyrmakda 177kg galdyryp I orun we altyn medal; Itekläp galdyrmakda 219kg galdyryp I orun we altyn medal; Umumylykda 396kg jemläp I orun we altyn medal.

10. Jafarow Süleýman (102 kg) - Ýetginjekleriň arasynda Silterläp galdyrmakda 150kg galdyryp I orun we altyn medal; Itekläp galdyrmakda 176kg galdyryp II orun we kümüş medal; Umumylykda 376kg jemläp II orun we kümüş medal.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026