HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze ýyla çenli ähli timarlama işlerini ýetişdirmek boýunça gollanma

Dekabr 26, 2024 | 14:10 |6684
Täze ýyla çenli sanalgyja günler galdy. Ýaşyl agaç Ýylan ýylyny bolmalysy ýaly garşylamak üçin entek näçe işleri ýetişdirmeli.Täze ýyla çenli sanalgyja günler galdy. Ýaşyl agaç Ýylan ýylyny bolmalysy ýaly garşylamak üçin entek näçe işleri ýetişdirmeli.
Çeşme: b-port.com

Täze ýyla çenli sanalgyja günler galdy. Ýaşyl agaç Ýylan ýylyny bolmalysy ýaly garşylamak üçin entek näçe işleri ýetişdirmeli.

“Täze ýyly nädip garşylasaň, şonuň ýaly-da geçirersiň” diýlişi ýaly, ilki bilen öý-içerleri timarlamaly.

Ähli işleriňi Täze ýyl gijesine çenli ýetişdirer ýaly, timarlama işlerini çalt we netijeli usulda, iň esasysy bolsa, baýramçylygyň öň ýany ähli güýjüňi gidirmän ýaly gurnamaly.

Ilkibaşda,meýilnama düzüň: öýüňizi belli zolaklara bölüp, esasy timarlamaly ýerleri belläň.

Timarlama işleriniň dowamynda “ýokardan aşak” düzgünini ulanyň – bu islendik timarlama işiň esasydyr. Ilki bilen, ýokarky tekjeleriň tozanyny aýyrşdyryň, soňra mebellere geçip, iň soňunda bolsa pollary ýuwuň. Şeýle-de, başda iri esbaplary timarlap, göze ilýän bulaşyklyklary ýygnaşdyryň. Bu otagy dessine tertipli hala getirer.

Sebet usulyny ulanyň: her jaýda başga ýere geçirilmeli zatlar üçin sebet goýuň. Soňra bolsa birbada olary ýerbe-ýer goýuşdyryň. Bu wagtyňy tygşytlap, bulaşyklygyň öňüni alar.

Şol bir wagtyň özünde birnäçe işleri ýerine ýetirjek boluň, ýa-da “iki el” düzgünini ulanyň. Meselem, zatlar ýuwulyp ýa-da naharlar bişip durka, girelgedäki aýnany tämizläp bilersiňiz.

Taýmer boýunça işlemäge çalyşyň. Şeýlelikde, her zolagyň timarlama işleri üçin 20-30 minut wagt çägini goýuň. Bu bolsa şol bir ýeriň timarlama işleri üçin köp wagt sarp edilmeginiň öňüni alar.

Oýlanyşykly çemeleşme öýüňizi baýramçylykdan öň taýynlamak üçin wagtyňyzy birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik berer. Bu usullary ulanmak bilen, baýramçylyga has ykjam taýýarlanyp, öýüňizde rahatlygy döredip biersiňiz!

Täze ýyl – bu işlerden ýadawlygy däl-de, şatlyk getirýän baýramçylyk bolmalydyr!

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026