HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hoşniýetli çagalar: mekdep okuwçylary mümkinçiligi çäkli çagalar üçin baýramçylyk şowhunyny döretdiler

Dekabr 24, 2024 | 23:55 |6485
A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň 9-njy “B” synp okuwçylary synp ýolbaşçysy Ýelena Ýurýewna Dorofeýewanyň ýolbaşçylygynda Täze ýyla baýramçylygyna bagyşlanan haýyr-sahawat çäresini geçirdiA.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň 9-njy “B” synp okuwçylary synp ýolbaşçysy Ýelena Ýurýewna Dorofeýewanyň ýolbaşçylygynda Täze ýyla baýramçylygyna bagyşlanan haýyr-sahawat çäresini geçirdi
Çeşme: orient.tm

A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň 9-njy “B” synp okuwçylary synp ýolbaşçysy Ýelena Ýurýewna Dorofeýewanyň ýolbaşçylygynda Täze ýyla baýramçylygyna bagyşlanan haýyr-sahawat çäresini geçirdi. Ynsanperwer çagalar we ene-atalar mümkinçiligi çäkli çagalar üçin baýramçylyk dabarasyny guradylar.

24122024-dobrye-serdca (1).jpeg

Ýaşajyk myhmanlar Aýazbabany we Garpamygy begenç duýgular bilen garşy aldylar, ertekiniň gahrymanlary bilen gyzykly oýunlara gatnaşdylar we soňra bolsa sowgatlary aldylar. Her bir çaga ýüzlerinde şatlykly duýgular peýda boldy.

“Ýagşylygy sowgat et” atly çäresi ýylsaýyn dowam edip gelýän asylly synp däbine öwrüldi. Okuwçylar özleriniň duýgurlygy we ünsi görkezip, mümkinçiligi çäkli çagalary hem-de olaryň ene-atalaryny mähirli gutlaýarlar. Bu däpler diňe bir çagalara şatlyk getirmän, eýsem ýaş ýürekleri rehimdarlyk we ýakynlaryna kömek etmek ilegi bilen terbiýeleýär.

24122024-dobrye-serdca (3).jpeg

Mekdep we synp ýolbaşçysy diňe bir bilim bermek bilen terbiýelemek maksadyny önünde goýman, durmuş taýdan jogapkärli raýatlar edip ýetişdirmekde aladalar etýärler. “Ýagşylygy sowgat et” atly çäresi, okuwçylara ynsanperwerlik we goşulyşmak gymmatlyklaryny ornaşdyrmak bilen mekdebiň bu maksada ýetmeginiň aýdyň mysalydyr.

24122024-dobrye-serdca (5).jpeg

“Ýagşylygy sowgat et” atly çäresiniň şowly bolmagy, hatda kiçijik ynsanperwer hereketleriniň hem uly gymmatlygy döredip biljekdigini görkezýär. 9-njy “B” synp okuwçylarynyň mysalynda beýleki çagalary işjeň raýatlyk ornuny we haýyr-sahawat taslamalaryna gatnaşmaga ruhlandyrýar.

“Ganatly Mekan” hususy kärhanasynyň direktory Bagty Annaýewanyň baýramçylygy guramakdaky ägirt uly goşandyny bellemän geçmek mümkin däl. Onuň goldawy we başlangyjy netijesinde ähli gatnaşyjylary bir ýere jemläp, olar üçin ýatdan çykmajak gün sowagt etmegi başardylar. Onuň aladasy we her bir zada üns bermegi netijesinde, baýramçylyk hakykatdanam aýratynlygy bilen tapawutlandyrdy.

24122024-dobrye-serdca (6).jpeg

Şeýle başlangyçlar özara kömek we raýdaşlyk ruhuny güýçlendirýär. Çagalara ýagşylyk etmek islegini ornaşdyrmak bilen, biz dünýäni gowulaşdyrmaga ukyply nesli döredýäris.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026