HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

iPhone 17 Air nähili bolar?

Dekabr 26, 2024 | 11:35 |7745
Apple kompaniýasy soňky birnäçe ýylyň içinde iPhone smartfonlarynyň iň möhüm täzelenişini taýýarlaýar.Apple kompaniýasy soňky birnäçe ýylyň içinde iPhone smartfonlarynyň iň möhüm täzelenişini taýýarlaýar.
Çeşme: cactus.site

Apple kompaniýasy soňky birnäçe ýylyň içinde iPhone smartfonlarynyň iň möhüm täzelenişini taýýarlaýar.

Amerikanlylar smartfonlaryň diňe bir içki düzümini tehniki tarapdan täzeden işläp taýýarlaman, eýsem düýbünden täze Air modifikasiýasy arkaly model görnüşlerini üýtgederler.

2025-nji ýylda çykarylmagyna garaşylýan iPhone 17 Air Apple kompaniýasynyň iň inçe smartfony bolar.

Täze modeliň galyňlygy 6,25 mm golaý bolup, iPhone 16 Pro görnüşinden 2 mm, iPhone 16 we 16 Plus modellerinden bolsa 1,5 mm has inçedir.

Enjam täze A19 prosessory bilen enjamlaşdyrylar. Ol 8 Gb çenli artdyrylan operatiw ýady esasynda işlär. Mundan başga-da, iPhone 17 Air täze 5G çipi we öz işläp taýýarlamasy bolan Wi-Fi moduline eýe bolan Apple-iň ilkinji smartfonyň boljakdygy çaklanylýar. Bu bolsa önümçilige zyýan ýetirmän enjamyň ölçeglerini kiçeltmäge mümkinçilik berer.

Çaklamalara laýyklykda, işläp taýýarlaýjylar alýuminiýden we titandan ýasalan daşky gaby ulandylar. Bu hem adaty modelleriň ýeňilligi bilen Pro-görnüşleriň berkliginiň we ygtybarlygynyň utgaşdyrylmagyny gazanmaga mümkinçilik berer.

Has möhüm üýtgemeleriň biri bolsa ýeke obýektiwli esasy kamera bolmalydyr. Ol 2 esse optiki giňeltmeli 48 Mp sensora eýe bolar.

Şeýle hem birnäçe ýyllaryň dowamynda Apple frontal kamerasyny kämilleşdirer: häzirki bäş plastik linzaly 12 Mp-lik görkezijiniň deregine alty sany optiki dzümüli 24 Mp-lik selfi-kamerasy geler.

iPhone 17 Air displeýi ProMotion tehnologiýa üpjünçiligi bilen 6,6 duým diagonala eýe bolar. Ol bolsa 1-den 120 Gs çenli adaptiw täzeleniş ýygylygyny üpjün edýär.

Smartfonyň SIM-kart üçin sloty bolmaz, bu hem galyňlyga bolan talaplar bilen baglanyşyklydyr.

Enjamyň tanyşdyrylyşynyň 2025-nji ýylyň güýzünde Apple kompaniýasynyň däp bolan uly tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde geçiriljekdigine garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026