HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan Türkmenistan we Russiýa bilen bitewi ulag operatoryny döreder

Dekabr 25, 2024 | 16:12 |6004
2027-nji ýylda Gazagystanda Beýneu bilen Sekseulyň arasyndaky 736 kilometr uzynlykdaky ýoluň gurluşygyna badalga berler. Munuň özi Aktau we Kuryk portlaryna we Türkmenistana çenli aralygy 900 kilometr gysgaldar.2027-nji ýylda Gazagystanda Beýneu bilen Sekseulyň arasyndaky 736 kilometr uzynlykdaky ýoluň gurluşygyna badalga berler. Munuň özi Aktau we Kuryk portlaryna we Türkmenistana çenli aralygy 900 kilometr gysgaldar.
Çeşme: css.trainspo.com

Gazagystan Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde Russiýa we Türkmenistan bilen bitewi operatory döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň Mažilisiniň metbugat gullugy habar berdi.

50 göterime çenli arzanladyş tarifiniň we beýleki çäreleriň amala aşyrylmagy ýol geçelgesiniň gündelik geçiriş ukybyny 23-den 33-e çenli, ýük daşamalaryň möçberini bolsa ýylda 20 million tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Habarda bellenilişi ýaly, 2027-nji ýylda Gazagystanda Beýneu bilen Sekseulyň arasyndaky 736 kilometr uzynlykdaky ýoluň gurluşygyna badalga berler. Munuň özi Aktau we Kuryk portlaryna we Türkmenistana çenli aralygy 900 kilometr gysgaldar.

Demirgazyk – Günorta – bu Russiýany Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Pars aýlagy bilen birleşdirýän halkara ulag geçelgesidir. Ol demir, awtomobil we deňiz ýollaryny özünde jemlemek bilen Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda üstaşyr ýükleriň netijeli geçirilmegini üpjün edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026