HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada mugallymlar mekdep okuwçylaryndan garaşýan iň arzyly sowgatlaryny atlandyrdylar

Dekabr 25, 2024 | 17:30 |7647
Bütin Russiýa boýunça mekdep mugallymlarynyň arasynda geçirilen sowalnama köpsanly mugallymlaryň iň arzyly sowgatlary maddy däldigini, duýgylar bilen baglanyşyklydygyny görkezdi. Bu sowalnamany VK bileleşikler bilen iş departamenti hem-de NAFI bütinrussiýa derňew merkezi bilelikde geçirdi.Bütin Russiýa boýunça mekdep mugallymlarynyň arasynda geçirilen sowalnama köpsanly mugallymlaryň iň arzyly sowgatlary maddy däldigini, duýgylar bilen baglanyşyklydygyny görkezdi. Bu sowalnamany VK bileleşikler bilen iş departamenti hem-de NAFI bütinrussiýa derňew merkezi bilelikde geçirdi.
Çeşme: secretmag.ru

Bütin Russiýa boýunça mekdep mugallymlarynyň arasynda geçirilen sowalnama köpsanly mugallymlaryň iň arzyly sowgatlary maddy däldigini, duýgylar bilen baglanyşyklydygyny görkezdi. Bu sowalnamany VK bileleşikler bilen iş departamenti hem-de NAFI bütinrussiýa derňew merkezi bilelikde geçirdi. Bu barada Вфокусе mail habar berýär.

Sowalnama 24-65 ýaş aralygynda 500 mekdep mugallymlary gatnaşdy. Jogap berenleriň 80 % iň gowy sowgatlar diýip okuwçylar bilen ýadygärlik foto suratlarydygyny, olaryň adyndan wideo gutlaglarydygyny, şahsy gutlaglar bilen gutlag ýazgylarydygyny, synpyň adyndan döredijilik oýunlarydygyny, el işleridigini, synp bilen bilelikde kino ýa-da teatra gezelençleridigini, 72 % bolsa gül çemenleridigini aýtdylar.

Maddy sowgatlaryň arasynda mugallymlar has köp kitaplara (80 %), mekdep we ofis harytlaryna (74 %), synp otaglary abadanlaşdyrmakda kömege (70 %), şowhunly we medeni çärelere biletlere (66 %), 66 % bolsa çaý we kofe isleg bildirdiler.

73 % jogap berenler sowgatda esasy zat oňa siňdirilen duýgylardygyny bellediler, 69 % bolsa iň gymmat bahaly sowgatlary dükanlarda satyn alyp bolmaýandygyny aýtdylar.

Geçirilen barlaglara laýyklykda, mugallymlaryň ondan dokuzy sowgatlara oňaýly garaýar, diňe 10 % olara garşy çykýar. Munuň bilen birlikde, üns bermek alamatlaryny has köp zenan-mugallymlar gowy görýär. Şeýlelikde, 47 % zenan-mugallymlary okuwçylardan sowgatlara oňaýly garaýar, erkek-mugallaymlardan bolsa diňe 26 %.

Şeýle-de, sowalnama 35 % mugallymlaryň öňki okuwçylaryndan sowgatlary we beýleki üns bermek alamatlaryny almaga dowam edýändiklerini görkezdi. Uçurymlar bilen işjeň gatnaşýan mugallymlaryň sany – 91 %. Sowalnama häzirki zaman tehnologiýalary, şol sanda sosial ulgamlar we messenjerler mugallymlar bilen öňki okuwçylaryň arasyndaky esasy aragatnaşyk ugry bolmagyna garamazdan, 44 % jogap beren mugallymlar üçin şahsy duşuşyklar entegem möhüm bolup durýandygyny görkezdi.

Şeýle-de, habarda bellenilşi ýaly, kanuna laýyklykda, Russiýada mekdep okuwçylar we olaryň garyndaşlary bilim edaralarynyň işgärlerine 3 müň rublden artyk bolan sowgatlary sowgat edip bilmeýärler. Şol bir wagtyň özünde şeýle sowgatlaryň sany çäklendirilmeýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026