HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ispaniýada her ýylky “El Gordo” baýramçylyk utuşly oýny geçirildi

Dekabr 25, 2024 | 13:30 |6547
Ispaniýada her ýylky “El Gordo” roždestwo baýramçylyk utuşly oýny geçirildi.Ispaniýada her ýylky “El Gordo” roždestwo baýramçylyk utuşly oýny geçirildi.
Çeşme: espanarusa.com

Ispaniýada her ýylky “El Gordo” roždestwo baýramçylyk utuşly oýny geçirildi.

“El Gordo” utuşly oýny (“Semiz adam” diýlip terjime edilýär) dünýäde iň gadymy we uly oýunlaryň biri hasaplanylýar. Ol 1812-nji ýyldan başlap geçirilýär.

Şu ýyl umumy baýrak gaznasy 2,7 mlrd ýewro boldy. Iň uly baýrak – salgytlaryň saklanylmazdan öň 400 müň ýewro – 72480 utuşly belgili biletleriň birnäçe eýeleri gazandy.

Däp boýunça, “El Gordo” utuşly oýny Madridiň Şa teatrynda geçirilip, onda Gudratly Ildefenso mekdebiniň okuwçylary utuşly biletleriň belgilerini aýdym hökmünde aýdýarlar.

Bu utuşly oýun biletleriň onluklara bölünmegi bilen tapawutlanýar, bu bolsa oýna has köp adamyň gatnaşmagyna mümkinçilik döredýär.

Bu waka biletleri satyn almak üçin dost-ýarlary we maşgala agzalary bilen birleşýän millionlarça ispaniýalylary özüne çekýär. “El Gordo” utuşly oýny diňe bir göwnüňi açmak üçin pursat däl, eýsem ol dürli haýyr-sahawat guramalaryna goldaw berýär. Bu bolsa ispan medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegidir.

“El Gordonyň” taryhy 1812-nji ýylda başlandy. Roždesto baramçylyk utuşly oýny yzygiderli kämilleşýär hem-de birnäçe aýratynlyklara eýedir. Meselem, şarlary ýasamak üçin gyrymsy maşgalasyndan agajy örän berk bolan şemşat agajy ulanylýar. Ähli şarlaryň agramy birmeňzeş - 3 gramma deňdir. Dabaranyň geçirilýän pursadyndaky howpsuzlyk aýratyn beýan edilmegine mynasypdyr. Açar saklaýjylar öň ýanyndaky agşam köşgi möhürleýärler: üç adama üç gapyny üç dürli açar bilen gurmak tabşyrylýar. Ähli şarlar bir-birden barlanyp, hasaplama köpçülikleýin ýagdaýda geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026