HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmennebit” Döwlet konserni buraw we tehniki enjamlaryny satyn almak boýunça halkara BÄSLEŞIK yglan etdi

Dekabr 25, 2024 | 13:05 |7652
“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan aşaky lot boýunça № 161 halkara açyk bäsleşigini yglan edýär“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan aşaky lot boýunça № 161 halkara açyk bäsleşigini yglan edýär
Çeşme: orient.tm

“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan aşaky lot boýunça № 161 halkara açyk bäsleşigini yglan edýär:

Lot № 2 – umumy zawod, tehnologik, buraw enjamlary.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplara Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4 gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça aşakdakylar teklip edilýär:

  • Gatnaşyjynyň doly adynyň, onuň hukuk derejesiniň, hasaba alnan ýurduň we hasaplaşyk hasaplarynyň görkezilmegi bilen ýazmaça arzalary tabşyrmak (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da olarda bank hasaplaryna eýe bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär);

  • “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Tenderi geçirmek düzgünlerinden” göçürmesi we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyş bolmak;

  • Lotlaryň görnüşleriniň sanawyny (spesifikasiýa), şertnamanyň tehniki talaparyny we esasy şertlerini almak;

  • Bäsleşige mugt esasda gatnaşmak üçin bir lot üçin 575 (bäş ýüz ýetmiş bäş) amerikan dollar möçberinde ýa-da manat ekwiwalentinde (goşmaça gymmada bolan salgydy bilen) serişdeleriň tölegine hasap almaly.

Ýokarda görkezilen bäsleşige ähli gyzyklanma bildirýän mümkin bolan üpjün edijiler gatnaşyp biler.

Bäsleşik barada ähli gerekli maglumatlary http://www.turkmennebit.gov.tm we http://www.oilgas.gov.tm saýtlaryndan ýükläp alyp ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça tanyşyp bolýar.

Bildirişiň “Нейтральный Туркменистан” gazetinde resmi çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, emma 16:00-dan gijä galman (ýerli wagt boýunça) bäsleşik teklipleri kabul edilýär. Bellenen möhletden soň gelen teklipler kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.

Doly bäsleşik teklibini öz içine alýan, mastika möhüri bilen tassyklanan bir sany ýapylan bukja ýokarda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmaly we hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra garama kabul edilýär. Bäsleşik bukjasyna anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (“Word” görnüşinde) we tehniki-ykdysady görnüşleriniň sanawy - spesifikasiýasy (“Excel” görnüşinde) hökmany ýagdaýda goýulmaly.

Maglumat üçin telefon belgileri:

40-39-24 (arzalary tabşyrmak üçin faks);

40-39-93, 40-39-90, 40-33-06, 40-35-78, 40-35-77 (tehniki soraglar üçin);

fer@turkmennebit.gov.tm (elektron salgy)

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026