HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bize Täze ýyl baýramy gelýär... Bagtyrylyk söwda merkezinde baýramçylyk ýarmarkasy geçirildi

Dekabr 24, 2024 | 18:45 |8501
Sowgat we hödür gözlemek üçin hysyrdy, Täze ýylyň ýakymly tolgunmasy, kellämde: “Bize baýramçylyk ýetip gelýär, bize baýramçylyk ýetip gelýär...” gurjak dünýäsi ýarmarkasy ertekiniň atmosferasyny döretdi. Çärä Aşgabatdaky “Bagtyýarlyk” söwda merkezinde geçirildiSowgat we hödür gözlemek üçin hysyrdy, Täze ýylyň ýakymly tolgunmasy, kellämde: “Bize baýramçylyk ýetip gelýär, bize baýramçylyk ýetip gelýär...” gurjak dünýäsi ýarmarkasy ertekiniň atmosferasyny döretdi. Çärä Aşgabatdaky “Bagtyýarlyk” söwda merkezinde geçirildi
Çeşme: orient.tm

Sowgat we hödür gözlemek üçin hysyrdy, Täze ýylyň ýakymly tolgunmasy, kellämde: “Bize baýramçylyk ýetip gelýär, bize baýramçylyk ýetip gelýär...” gurjak dünýäsi ýarmarkasy ertekiniň atmosferasyny döretdi. Çärä Aşgabatdaky “Bagtyýarlyk” söwda merkezinde geçirildi.

24122024-bagtyryarlyk-yarmarka (1).jpg

Ýurduň ähli sebitlerinden gelen ussatlar dürli görnüşli ýadygärlik sowgatlaryny hödürlediler. Emma şonda-da ýarmarkanyň baş gahrymanlary gurjaklar boldy. Myhmanlar şeýle köpdi, ussatlar olara işlerini aýtmaga we görkezmäge zordan ýetişdiler.

IMG_20241207_121726.jpg

Bu çärä gatnaşan her bir uly ýaşlylar özlerini ýaňadan çaga ýaly duýdular we her bir çaga pagtadan, agaçdan, dokma önümlerinden, farfordan, kartondan, keramikadan we plastmassadan döredilen şekiller bilen ajaýyp dünýä aralaşdylar.

IMG_20241207_122538.jpg

Nagyş bilen bezelen milli eşiklerdäki täsirli gurjaklar hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Olary höwes bilen satyn aldylar. Ýarmarkanyň myhmanlary gündelik durmuşdaky şekillendirýän elde ýasalan adamjyklaryň şekillerini ýüreklerine ýakyn gördüler.

IMG_20241207(1).jpg

Pagta ýüplüginden ýasalan owadanja gurjaklar hemmeleriň ýadynda galdy. Ýazyjynyň eserlerinde bularyň her biri özboluşlydy – döredijilige gaty köp yhlas sarp edildi ýagny irginsiz zähmet we onlarça sagatlyk iş ...

IMG_20241207_120542.jpg

Bu sergide örülip ýasalan oýnawaçlara aýratyn orun berildi. Ýumşak tüýli pişijekkler, aýyjyklar, güjüjikler we dinozawrlar. Bu laryň hemmesi şol gün öz eýelerini tapdylar.

24122024-bagtyryarlyk-yarmarka (2).jpg

Gurjaklardan başga-da ýarmarkada Täze ýyl sowgatlyklary üçin başga pikirler bardy. Adaty bolmadyk täze ýyl arçasy üçin bezegleri, magnitli ýadygärlik sowgatlary, özboluşly şaý-sepler, ajaýyp esbaplar, bezelen diwar sagatlary, bezelen şemler, nagyşlanan kökeler, suratlar, desmallar, saçaklar we başga-da köp zatlar bar.

24122024-bagtyryarlyk-yarmarka (3).jpg

Sergi ýarmarkasyny gurnaýjylar ýaş zehinleriň çykyşlary bilen konsert guradylar. Çagalaryň toparlary şadyýan, joşgunly tanslary taýýarladylar.

24122024-bagtyryarlyk-yarmarka (4).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026