HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilim ulgamyna emeli añ tehnologiýalaryny ornaşdyrmak barada maslahatlaşýar

Dekabr 25, 2024 | 11:55 |1059
2024-nji ýylyñ 23-nji dekabrynda "Emeli añ Türkmenistanyñ bilim ulgamynda" atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.2024-nji ýylyñ 23-nji dekabrynda "Emeli añ Türkmenistanyñ bilim ulgamynda" atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

2024-nji ýylyñ 23-nji dekabrynda "Emeli añ Türkmenistanyñ bilim ulgamynda" atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ saýtynda habar berilişi ýaly, çäre 2023-nji ýylyñ 9-njy noýabrynda Türkmenistanyñ Bilim ministrligi hem-de ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça “Hyzmatdaşlyk etmegiň Ýol kartasynda" kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmegiñ çäklerinde guraldy.

Gatnaşyjylar bilimi dolandyrmagyñ maglumat ulgamlarynyñ ösüşi, mugallymlaryñ sanly ygtyýarlyklarynyñ ýokarlandyrylmagy, şeýle hem Türkmenistanyñ zerurlyklaryny we aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, mugallymçylyk işine öñdebaryjy tehnologiýalaryñ ornaşdyrylmagy barada maslahatlaşdylar.

Maslahatyñ dowamynda bilim ulgamynda emeli añ tehnologiýalarynyñ ulanylyşyny ornaşdyrmak hem-de ony kämilleşdirmek meseleleri, emeli añ babatda mugallymlaryñ we talyplaryñ zerur bolan ygtyýarlyklary, şeýle hem ýaşlaryñ emeli añ tehnologiýasyny ulanmak bilen önümçilige taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim ulgamynda emeli añ tehnologiýasyny ulanmak strategiýasynyñ taslamasyna garaldy, emeli añ boýunça halkara bilim meýdançalary bilen tanyşdyryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026