HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýerde gije-gündiziñ dowamlylygy üýtgeýär

Dekabr 25, 2024 | 12:50 |7963
Şweýsariýaly alymlar Ýeriñ eredilen demir ýadrosyndaky üýtgemeleriñ planetamyzda günuñ dowamlylygynyñ kiçiräk üýtgäp durmalarynyñ sebäbi bolup bilýändigini çaklaýarlar. Gije-gündiziñ durnukly ýaly görünýändigine garamazdan, hakykatda bolsa ol üýtgäp dur, bu kanunylyk uzak wagt möçberlerinde duýulyp başlandy. Bu barlaglar "Geophysical Research Letters (GRL)" žurnalynda çap edildi.Şweýsariýaly alymlar Ýeriñ eredilen demir ýadrosyndaky üýtgemeleriñ planetamyzda günuñ dowamlylygynyñ kiçiräk üýtgäp durmalarynyñ sebäbi bolup bilýändigini çaklaýarlar. Gije-gündiziñ durnukly ýaly görünýändigine garamazdan, hakykatda bolsa ol üýtgäp dur, bu kanunylyk uzak wagt möçberlerinde duýulyp başlandy. Bu barlaglar "Geophysical Research Letters (GRL)" žurnalynda çap edildi.
Çeşme: sputnik-abkhazia.ru

Şweýsariýaly alymlar Ýeriñ eredilen demir ýadrosyndaky üýtgemeleriñ planetamyzda günuñ dowamlylygynyñ kiçiräk üýtgäp durmalarynyñ sebäbi bolup bilýändigini çaklaýarlar. Gije-gündiziñ durnukly ýaly görünýändigine garamazdan, hakykatda bolsa ol üýtgäp dur, bu kanunylyk uzak wagt möçberlerinde duýulyp başlandy. Bu barlaglar "Geophysical Research Letters (GRL)" žurnalynda çap edildi.

Ýer özüniñ okynyñ daşynda aýlanýar, emma onuñ hereketi hemişe takyk 24 sagada deñ bolmaýar. Gije-gündiziñ dowamlylygyna köpsanly faktorlar, şol sanda Aýyñ grawitasiýa täsiri we ýer gabygyndaky hadysalar täsir edýär. Buzlaryñ eremegi ýa-da suwuñ göwrüminiñ üýtgemegi ýaly agram bölmegindäki üýtgemeler hem planetañ aýlanyşygynyñ tizligine öz täsirini ýetirip bilýär. Emma birnäçe müñlük wagt aralygynda alymlar belli bolan faktorlar bilen düşündirilmegi kyn bolan günüñ dowamlylygynda sähelçe üýtgäp durmalary hasaba aldylar. Şeýle üýtgemelere getirýän ýadro serhedindäki we Ýeriñ mantiýasyndaky hereket bilen düşündirip bolýar.

Alymlar bu üýtgäp durmalary has takyk ölçemek üçin täze çemeleşmäni işläp taýýarladylar. Bu iş üçin olar neýro ulgamlary, şeýle hem dag jynslarynyñ derñewlerinden alnan Ýeriñ magnit meýdany baradaky maglumatlary ulandylar. Şeýle hem, müñýyllyklaryñ dowamynda planetanyñ aýlanşygynyñ ölçeglerine gözegçilik etmäge mümknçilik berýän Günüñ tutulmalary baradaky maglumatlar hem ulanyldy.

Barlaglaryñ netijeleri gije-gündiziñ dowamlylygyna buzlaryñ we suwlaryñ agramyñ üýtgemeginiñ ýetirýän täsiri öñki çaklamalara görä has azdygyny görkezdi. Munuñ deregine üýtgäp durmalar Ýeriñ suwuk daşky ýadrosynyñ hereketlerini düşündirýän nusgalara gabat gelýär.

Muña garamazdan, alymlar bu mesele açyklygyna galýandygyny belleýärler. Sebäbi şeýle kiçi üýtgäp durmalaryñ modelirlemegi geljekde has anyk maglumatlary talap edýär. Geljekde Ýeriñ astynda bolup geçýän dürli hadysalaryñ günuñ dowamlylygyna nähili derejede täsir edýändigine has gowy düşünmek üçin has doly nusgalary döretmek boýunça işleriñ dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026