HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Somali bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Dekabr 24, 2024 | 10:10 |5659
23-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Somali Federatiw Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda daşky gurşawy goramak we suw diplomatiýasyna bagyşlanan göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.23-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Somali Federatiw Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda daşky gurşawy goramak we suw diplomatiýasyna bagyşlanan göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

23-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Somali Federatiw Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda daşky gurşawy goramak we suw diplomatiýasyna bagyşlanan göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Duşuşykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň müdiri, Ýewropa Komissiýasynyň Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada howa durnuklylygyny we howpsuzlygy üpjün etmek üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak» (HWCA) atly taslamasynyň uniwersitet boýunça utgaşdyryjysy Şeker Aşyrmyradowa «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda ýokary bilimiň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti» atly temada çykyş etdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, ýokary bilim howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini taýýarlamak üçin degişli hünärmenleri ýetişdirmekde möhüm meýdança bolup durýar. Ekologiýa, suw dolandyryşy, energiýa netijeliligi, oba hojalygy, we ykdysady uýgunlaşma ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen maksatnamadyr taslamalar esasynda sebitiň meselelerine gönükdirilen çözgütleri hödürlemek mümkindir. Ýokary bilim ulgamy klimatologiýa, durnukly ösüş, we ekologiýa dolandyryşy ýaly ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak bilen çäklenmän, olary sebitara meseleleri çözmäge taýýarlamagy maksat edinýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Gidrometeorologiýa kafedrasynyň müdiri, geografiýa ylymlarynyň kandidaty Gapurjan Hamraýew «Günbatar Türkmenistanyň aklaň çägeleriniň hereketiniň öwrenilişi» atly temada çykyş edip, ýurdumyzda bu babatda alnyp barylýan işler barada giňişleýin belledi. Hususan-da, ol öz çykyşynda Günbatar-Türkmen pesliginiň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak boýunça meseleleri üstünlikli çözmek üçin häzirki zaman ekzodinamiki prosesleriň we relýef emele geliş prosesleriniň barlaglary barada belledi. Şunda öwrenilýän sebitde süýşýän çägeleriň hereketini öwrenmek maksadalaýyk bolup durýar.

Duşuşykda Somali Federatiw Respublikasy tarapyndan hem birnäçe çykyşlar boldy. Mogadişo uniwersitetiniň Parahatçylyk, suw we daşky gurşaw institutynyň müdiri Dr. Şerif Osman «Somaliniň suw diplomatiýasy: bar bolan kynçylyklar we elden gidirilen mümkinçilikler» diýen temada, Somali milli uniwersitetiniň oba hojalygy we daşky gurşawy dolandyrmak fakultetiniň mugallymy Abdilatif Hüseýin Omar «Somaliniň daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi: hökümet, raýat jemgyýeti we akademiýanyň bilelikdäki tagallasy» diýen temada, Mogadişo uniwersitetiniň inženerçilik fakultetinden doktor Abdirahman Ysmaýyl Dakane «Juba-Şabble basseýniniň toplumlaýyn suw çeşmelerini dolandyrmak: durnuklylygyň açary we sebit ösüşine umyt» atly temada, SIMAD uniwersitetiniň howa we daşky gurşaw institutyndan Muhammet Okaş «Somalide howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýokary bilimiň orny» atly temada çykyş etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026