HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubaý "pyýadalaryñ şäherine" öwrülýär

Dekabr 23, 2024 | 14:15 |7227
Dubaý özüniñ yssy çöllük gurşawy bilen meşhur bolup, täze "Dubai Walk" atly özboluşly taslamasynyñ çäklerinde "pyýadalar şäheri" bolmaga çalyşýar.Dubaý özüniñ yssy çöllük gurşawy bilen meşhur bolup, täze "Dubai Walk" atly özboluşly taslamasynyñ çäklerinde "pyýadalar şäheri" bolmaga çalyşýar.
Çeşme: chance4traveller.com

Dubaý özüniñ yssy çöllük gurşawy bilen meşhur bolup, täze "Dubai Walk" atly özboluşly taslamasynyñ çäklerinde "pyýadalar şäheri" bolmaga çalyşýar.

Bu taslama bütin şäher boýunça 6500 km pyýada ýollaryñ gurulmagyny göz öñünde tutýar, olaryñ 2300 km boýunça bar bolan ýollaryñ durky täzelener. 110 sany ýerasty geçelgeleriñ we köprileriñ gurulmagy bu başlangyjyñ esasy bölegi bolar. Taslamanyñ maksady 2040-njy ýyla çenli şäher möçberinde pyýada paýyny 25 % çenli köpeltmekden ybarat. Munuñ üçin dürli ugurlar saýlanyp alynar, şol sanda esasy ýadygärlikleri we ajaýyplyklary, şeýle hem kenarýaka we owadan manzara ýollary birleşdirýän oba, dag we şäher ugurlary girer.

"Geljegiñ halkasy" - esasy düzümleriñ biri bolar. Uzynlygy 2000 m bolan bu utgaşdyrylýan ýerüsti geçelgesi Dubaýyñ esasy ýadygärliklerini özara birleşdirer. Taslama 10 ýylyñ dowamynda ýuwaş-ýuwaş durmuşa geçiriler. Onuñ ilkinji iki ýylyna meýilleşdirilen synag tapgyrlary bolup, gurluşyk 2040-njy ýyla çenli dolulygyna tamamlanar. Bu özgertme Dubaý şäherini pyýadalar üçin has oñaýly we özüne çekiji eder, bu bolsa şäher gurluşygyñ dünýä ugurlaryna laýyk gelýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026
Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

18:00 Oktýabr 23, 2026