HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niñ Ösüş maksatnamasy we hyzmatdaşlary seýmiki töwekgelçilikleri bahalandyrmakda we azaltmakda Türkmenistanyñ mümkinçiliklerini pugtalandyrmak boýunça jemleýji seminary geçirdiler

Dekabr 23, 2024 | 13:05 |5707
Türkmenistanda BMG-niñ Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Seýsmologiýa we atmosferanyñ fizikasy instituty bilen bilelikde durmuşa geçirýän "Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek, bolmagy mümkin ýer titremeleri duýdurmak hem-de olara taýýarlyk görmek boýunça Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini güýçlendirmek" atly taslamanyñ çäklerinde jemleýji seminary geçirdi. Çäre Aşgabatdaky BMG-niñ binasynda geçirildi.Türkmenistanda BMG-niñ Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Seýsmologiýa we atmosferanyñ fizikasy instituty bilen bilelikde durmuşa geçirýän "Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek, bolmagy mümkin ýer titremeleri duýdurmak hem-de olara taýýarlyk görmek boýunça Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini güýçlendirmek" atly taslamanyñ çäklerinde jemleýji seminary geçirdi. Çäre Aşgabatdaky BMG-niñ binasynda geçirildi.
Çeşme: BMG-niñ Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy tarapyndan berildi

Türkmenistanda BMG-niñ Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Seýsmologiýa we atmosferanyñ fizikasy instituty bilen bilelikde durmuşa geçirýän "Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek, bolmagy mümkin ýer titremeleri duýdurmak hem-de olara taýýarlyk görmek boýunça Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini güýçlendirmek" atly taslamanyñ çäklerinde jemleýji seminary geçirdi. Çäre Aşgabatdaky BMG-niñ binasynda geçirildi.

Seminarda seýsmiki taýdan gowşaklygyna we seýsmiki töwekgelçigine toplumlaýyn baha bermäge, şol sanda taslamanyñ çäklerinde degişli okuw sessiýalaryna ýolbaşçylyk eden seýsmiki töwekgelçilikler boýunça BMGÖM-iñ halkara geñeşçisi Sergeý Týagunow çykyş etdi. Bu işiñ esasynda Týagunow "Seýsmiki töwekgelçilik" atly okuw kitabyny işläp taýýarlady. Bu kitabyñ ýurtda seýsmologiýa boýunça degişli okuwlar üçin gymmatly bilim serişde boljagyna garaşylýar.

Seminaryñ jemleýji böleginde gatnaşyjylar Türkmenistanda seýsimiki töwekgelçilige baha bermek we azaltmak işiniñ ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlaşdylar. Ýurduñ başga seýsmiki howply sebitlerinde barlag işlerini geçirmek, şeýle hem BMGÖM-iñ Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Seýsmologiýa we atmosferanyñ fizikasy instituty bilen hyzmatdaşlykda Türkmen döwlet binagärçilik we gurluşyk institutynyñ täze toplumynyñ binýadynda halkara barlaghanany döretmek teklip edildi.


2018-nji ýylda başlan "Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek, bolmagy mümkin ýer titremeleri duýdurmak hem-de olara taýýarlyk görmek boýunça Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini güýçlendirmek" bilelikdäki taslama möhüm netijeler bilen tamamlandy.

Türkmenistanda ilkinji gezek häzirki zaman usulyýeti ulanylyp, Aşgabadyñ seýsmiki töwekgelçiligine toplumlaýyn baha bermek işi geçirildi. Seýsmiki töwekgelçiligiñ hasaplaryny geçirmek üçin ASTERRISK we ASTERHAZ özboluşly geomaglumat ulgamlary döredildi. Şäheriñ seýsmiki etrapçalyşdyrylmagy ýerine ýetirildi, geologiýa, geofizika we seýsmologiýa boýunça iñlis-rus-türkmen sözlügi neşir edildi, şeýle hem binalaryñ seýsmiki taýdan gowşaklygyny peseltmek we ýer titremeleriñ netijelerini aradan aýyrmak boýunça gollanmalar hem-de seýsmiki monitoringi gowulandyrmak we irki habar bermek ulgamyny döretmek boýunça teklipler taýýarlandy.

Mundan başga-da, taslamanyñ çäklerinde Türkmenistanda tebigy betbagtçylyklaryñ töwekgelçiliklerini azaltmak babatda kanunçylyk binýady berkidýän "Seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek barada" Kanunyñ taslamasy taýýarlanyldy. Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Seýsmologiýa we atmosferanyñ fizikasy instituty üçin gerekli enjamlar we programma üpjünçiligi satyn alyndy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026