HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belgiýaly rep aýdymçy Magtymguly Pyragynyñ goşgularyna aýdym döretdi

Dekabr 20, 2024 | 15:50 |10085
"Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy" ýylynyñ ahyrynda Belgiýadaky Türkmenistanyñ ilçihanasynyñ hemaýaty bilen, ýaş belgiýaly aýdymçy Toni täze eserini hödürledi. Bu gezek aýdymçy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyñ goşgularyna aýdym döretdi."Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy" ýylynyñ ahyrynda Belgiýadaky Türkmenistanyñ ilçihanasynyñ hemaýaty bilen, ýaş belgiýaly aýdymçy Toni täze eserini hödürledi. Bu gezek aýdymçy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyñ goşgularyna aýdym döretdi.
Çeşme: Türkmenistanyñ Belgiýadaky ilçihanasyny

"Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy" ýylynyñ ahyrynda Belgiýadaky Türkmenistanyñ ilçihanasynyñ hemaýaty bilen, ýaş belgiýaly aýdymçy Toni täze eserini hödürledi. Bu gezek aýdymçy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyñ goşgularyna aýdym döretdi.

Pop-rep žanrynda iñlis dilinde ýerine ýetirilen bu aýdym "Görer gözüñ - iliñi" (rus görnüşi "Люби свой народ", iñlis - "Love Your People") goşgynyñ esasynda döredildi. Bu eserinde şahyr ruhlandyryjy çagyryş bilen adam kalbyna ýüzlenýär: öz halkyñy söýmek, onuñ at-abraýyny we mertebesini goramak, däp-dessurlara we ulylaryñ parasatlygyna hormat goýmak. Goşgy diñe watan söýüjiligi barada beýan etmän, eýsem ruhy kämillige ýetmegi we ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarlylygy hem açyp görkezýär.

Bu iş Türkmenistanyñ ilçihanasynyñ Toni bilen üstünlikli hyzmatdaşlygyñ dowamy boldy. Ozal şu ýyl rep görnüşinde ýerine ÿetirilen "Turkmenistan Dreams" aýdymynyñ wideo eseri bilen tanyşdyryldy. Brýuselliñ meşhur ýerlerinde hem-de Türkmenistanyñ diplomatik wekilhanasynyñ binasynda düşürilen şekilli aýdym köpçülik tarapyndan gyzgyn kabul edildi.

"Turkmenistan Dreams" Türkmenistana, onuñ baý medeniýetine we däp-dessurlaryna bolan söýgi barada beýan edýär. Türkmenistanyñ ilçihanasynyñ diplomaty Maral Rahymowa tarapyndan ýazylan aýdymyñ sözleri Magtymgulynyñ türkmen halky üçin ruhy ýol-ýörelgesi hökmünde tutýan ornuny açyp görkezýär.

Belgiýadaky Türkmenistanyñ ilçihanasy tarapyndan goldanylýan başlangyçlar daşary ýurtda milli medeniýetimizi üstünlikli şöhlelendirmek bilen, medeni gatnaşyklary pugtalandyryp, halklary birleşdirýän döredijilige ruhlandyrýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026