HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäde ilkinji gezek: öýjükli aragatnaşygyñ rus operatory ulgamyñ adyna Täze ýyl emodzilerini goşdy

Dekabr 19, 2024 | 09:58 |7501
T2 öýjükli aragatnaşygyñ rus operatorynyñ topary (ozalky Tele2, "T2 Mobile") ýetip gelýän 2025-nji ýyl mynasybetli öz müşderilerine aýratyn sowgatlary taýynlady.T2 öýjükli aragatnaşygyñ rus operatorynyñ topary (ozalky Tele2, "T2 Mobile") ýetip gelýän 2025-nji ýyl mynasybetli öz müşderilerine aýratyn sowgatlary taýynlady.
Çeşme: ixbt.com

T2 öýjükli aragatnaşygyñ rus operatorynyñ topary (ozalky Tele2, "T2 Mobile") ýetip gelýän 2025-nji ýyl mynasybetli öz müşderilerine aýratyn sowgatlary taýynlady.

Kompaniýa müşderileriñ smartfonlarynyñ ekranyna Täze ýyl arçasy, Aýaz baba we beýleki baýramçylyk nyşanlary şeklindäki owadan emodzini ulgamyñ adyna goşdy. Täze ýyl emodzileri ýakyn günlerde T2 müşderileriniñ köpüsiniñ smatrfonlarynda peýda bolar.

Ozal dünýäniñ hiç bir ykjam operatory munuñ ýaly çäräni amala aşyrmady.

T2 ykjam gollanmasynda baýramçylyk wakalarynyñ senenamasyny hem-de utuşly oýuny hem işe girizdi.

"Has köp" atly ygrarlylyk programmasynyñ gyşky täzelenişini goldamak maksady bilen aragatnaşyk operatory klassik ýylanjyk oýnuna esaslanyp işjeñligi girizdi.

Oýuna başlamazdan öñ, abonent at hem-de ýylyñ nyşanynyñ keşbini saýlap biler. Öz gahrymanyny futuristik şäheriñ köçelerinden ýöredip, ulanyjy Täze ýyl arçasy üçin bezegleri ýygnamaly. Her toplanan aýry bölekler bilen ýylanjyk çaltlaşýar, Täze ýyl arçasy bolsa owadanlaşýar. Oýunçylar sowgatlary ýygnap, baýrak hökmünde smartfonlara we aragatnaşyga arzanlaşyklary, ýa-da goşmaça gigabaýtlary we beýleki utuşlary gazanyp bilerler.

Iñ işjeñ oýunçylar sanawyñ ýokarky hatarlaryna geçip, her hepde Tecno kompaniýasynyñ baýrakly utuşlaryna gatnaşyp biler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026