HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleri üçin “Halkara ulag ulgamy” okuw kitaby neşir edildi

Dekabr 19, 2024 | 15:10 |8456
Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriň talyp ýaşlary üçin “Halkara ulag ulgamy” okuw kitaby (awtory: P.Çaryýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi.Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriň talyp ýaşlary üçin “Halkara ulag ulgamy” okuw kitaby (awtory: P.Çaryýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriň talyp ýaşlary üçin “Halkara ulag ulgamy” okuw kitaby (awtory: P.Çaryýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi.

Kitabyň 1-nji bölüminde geljekki hünärmenleri taýýaralamakda dünýäniň halkara ulag hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça giňişleýin maglumatlar getirilýär. Çünki Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara ekspeditorçylyk Assosiasiýalaryň federasiýasy, Howa ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň, Raýat awiasiýanyň halkara guramasy, Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşigi, Demir ýollarynyň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara deňiz guramasy we beýleki iri halkara ulag guramalaryň alyp barýan işleri barada çuňňur öwrenmeklik zerur bolup durýar.

Okuw kitabyň 2-nji bölüminde ulag ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, ulaglary kadalaşdyrýan birnäçe ulag resminamalarynyň we konwensiýalaryň birnäçe görnüşleri barada giňişleýin düşündirilýär. Geljekde ýurdumyzda hereket edýän halkara konwensiýalarynyň öňde goýýan wezipeleriniň doly we netijeli amala aşyrylmagyny gazanmak arkaly üstaşyr ulag gatnawlary boýunça ikitaraplaýyn, sebitara we sebitleýin ylalaşyklara gatnaşyjylar bilen düzgünnamalary hem-de resminamalary ylalaşmagy, ýönekeýleşdirmegi we standartlaşdyrmagy amala aşyrmagyň hukuk binýady barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Okuw kitabynyň 3-nji bölüminde häzirki döwürde Türkmenistanyň sebitde birnäçe iri ulag geçelgeleri: Orta Gündogary Ýewropa bilen baglanyşdyrýan «Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe» halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgesi, Orta Aziýa – Ýakyn Gündogar ugry boýunça «Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman» ulag-üstaşyr taslamasy, Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag ugry boýunça «Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Rumyniýa» halkara ulag geçelgesi, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýa we Kawkazyň üsti bilen Ýewropa çykýan «Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa» multimodal ulag geçelgesi, Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesi «Gazagystan – Türkmenistan –Eýran» halkara demir ýolunyň mümkinçilikleri, Gündogar – Günbatar ugur boýunça «Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan» demir ýolunyň ugurlar boýunça ulag üstaşyr taslamalarynyň ykdysady ähmiýeti barada giňişleýin düşündirilýär.

Şeýle hem okuw kitabynda edebiýatlaryň sanawy, Halkara ulag guramalaryň resmi saýtlary barada maglumatlar, rus we iňlis dillerinde guramalaryň gysgaltmalarynyň sanawy ýerleşdirilendir. Okuw kitabyndan halkara ykdysady gatnaşyklary, şeýle-de ulag ulgamynda taýýarlanýan hünärlerde talyplar, halkara ykdysady meseleler bilen gyzyklanýanlar peýdalanyp bilerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026