HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri üçin ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň «Halkara okuw sapary» çäklerinde guralýan okuwlar dowam edýär

Dekabr 19, 2024 | 13:45 |5538
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň «Halkara okuw sapary» (IVLP) çäklerinde guralýan okuwlar dowam edýär.Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň «Halkara okuw sapary» (IVLP) çäklerinde guralýan okuwlar dowam edýär.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň «Halkara okuw sapary» (IVLP) çäklerinde guralýan okuwlar dowam edýär.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ogaýo ştatynyň Kent döwlet uniwersitetinde çykyşlary guraldy. Oňa Kent döwlet uniwersitetiniň talyp ýaşlary we professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan çykyş edenler Türkmenistanyň bilim ulgamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler we gazanylýan netijeler, Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler, on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň, umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak, bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler barada gürrüň berildi. Şeýle hem, ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesiniň işjeň öwrenilýändigi, daşary ýurt döwletleriniň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilýändigi, bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlaryň we wezipeleriň öňde goýlandygy hem-de olary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy barada duşuşyga gatnaşyjylara maglumat berildi.

Soňra okuwlar Kent döwlet uniwersitetiniň Halkara bilim bölüminde dowam etdirildi. Oňa uniwersitetiň wise prezidentiniň halkara bilim boýunça orunbasary jenap Paulo Mussi, halkara bilim bölüminiň direktorynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça orunbasary Rachael Mundie, Merkezi Aziýa boýunça jogapkär işgäri Aýýa Hudaýbergenowa, halkara bilim bölümiň direktorynyň daşary ýurt talyplaryny kabul etmek boýunça orunbasary Elli Styles, daşary ýurtlarda bilim almak bölüminiň direktory Amber Cruxton gatnaşdylar.

Amerikan tarapyndan çykyş edenler Kent döwlet uniwersitetiniň Halkara bilim bölüminiň halkara bilimiň meseleleri boýunça meşgullanýandygyny, okuw gurşawynyň halkaralaşmagyny goldaýandygyny hem-de talyplar we professor-mugallymlar üçin halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini döredýändigini belläp geçdiler.

Onuň işiniň esasy ugurlary hökmünde şular agzalyp geçildi:

daşary ýurt döwletlerinde bilim almak babatyndaky maksatnamalary durmuşa geçirmek;

talyplaryň we professor-mugallymlaryň aralarynda alyş-çalyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek;

dünýäniň ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmak;

Kent döwlet uniwersitetinde okaýan talyplara goldaw bermek;

daşary ýurtly talyplar üçin degişli resminamalary taýýarlamak.

Çykyş edenler tarapyndan bölümiň halkara gatnaşyklary, medeni alyş-çalşygy we halkara gatnaşyklary arkaly uniwersitetiň akademiki bäsdeşlik ukybynyň ýokarlanmagyna ullakan ýardam berýändigi nygtalyp geçildi.

Elli Styles we Amber Cruxton Kent döwlet uniwersitetiniň talyplary üçin niýetlenen alyş-çalyş we beýleki maksatnamalar, daşary ýurtly talyplaryň Kent döwlet uniwersitetinde okamagynyň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Häzirki wagtda Kent döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň we professor-mugallymlarynyň daşary ýurt döwletlerinde okamagynyň (işlemeginiň) şu aşakdaky 4 görnüşiniň hereket edýändigi bellenip geçildi:

1) talyplary alyş-çalyş maksatnamalary esasynda hyzmatdaşlyk edilýän ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek;

2) talyplary Kent döwlet uniwersitetiniň Florensiýa şäherindäki (Italiýa) şahamçasyna okuwa ibermek;

3) Kent döwlet uniwersitetiniň mugallymlary tarapyndan daşary ýurtlarda okamaga isleg bildirýän talyplary toplamak we hyzmatdaşlyk edilýän ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda olar üçin 1-3 hepdelik okuwlary guramak;

4) hyzmatdaşlyk edilýän ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilen Kent döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň bilelikdäki ylmy-barlaglaryny guramak.

Bu görnüşlerden başga-da, Braziliýa bilen garyşyk görnüşiniň hereket edýändigi nygtaldy, ýagny, talyp 2 ýyl Kent döwlet uniwersitetinde, 2 ýyl Braziliýanyň ýokary okuw mekdebinde okaýar we okuwy üstünlikli tamamlanyndan soňra iki ýurduň ýokary bilim hakyndaky resminamasyny alýar.

Okuw maksady bilen her ýylyň dowamynda 1500 talybyň daşary ýurt döwletlerine iberilýändigi barada maglumat berildi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen işjeň aragatnaşygy saklaýan Polimer senagaty klasteriniň işi bilen tanyşmak üçin onuň binasynda Aurora şäheriniň ykdysady ösüşi boýunça direktory, Akronyň global aragatnaşyklar boýunça Geňeşiniň prezidenti hanym Holly Harris Bane, Uly Akron palatasynyň ykdysady ösüş boýunça wise-prezidenti jenap Gregg Gramer, Akronyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ykdysady ösüş boýunça maslahatçysy we konsuly jenap Sam Deshazior hem-de Uly Akron palatasynyň işewürligiň ösüşi boýunça direktory Alyssa Carpenter bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Akron şäheriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň möhüm senagat merkezidigini belläp, onuň taryhy bilen tanyşdyrdylar.

Polimer senagaty klasteri polimerleri we degişli tehnologiýalary öndürmek we ýerlemek boýunça iş alyp barýan kompaniýalaryň we ylmy-barlag institutlarynyň 70-den gowragyny özünde jemleýär. Strategik ýerleşişi, ýokary derejeli infrastrukturasy we ökde işçi güýji sebäpli Klaster polimer pudagynda işleýän kompaniýalar üçin möhüm merkezleriň biridir.

Mundan başga-da, sebitdäki ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag institutlary bu Klastere goldaw bermekde möhüm rol oýnaýarlar.

Klasteriň esasy iş ugurlary şulardan ybarat:

polimerleri (polietilen, polipropilen, polistirol) we himiki materiallary, şeýle hem, materiallaryň häsiýetlerini gowulandyrmak üçin himiki goşundylary we kopolimerleri öndürmek;

awtoulag, gaplama, gurluşyk, lukmançylyk we sarp ediş elektronikasy ýaly dürli pudaklarda plastmassa önümlerini öndürmek;

täze polimer materiallary we durnukly tehnologiýalar boýunça ylmy-barlaglary alyp barmak;

inženerçilik dizaýny we polimer pudagy üçin täze önümçilik işlerini we enjamlaryny döretmek, polimer materiallaryny gaýtadan işlemek we ulanmak pudagyndaky kärhanalara maslahatlary we tehniki goldawlary bermek;

barlaghana gözleglerini geçirmek, täze polimerleriň we plastmassalaryň hilini, onuň hereket edýän standartlara laýyklygyny üpjün etmek üçin barlaglary geçirmek, materiallaryň fiziki, himiki we mehaniki aýratynlyklaryna baha bermek;

polimer tehnologiýasy we himiýa ugry boýunça kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin ýokary hünär bilimi edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek, senagat işgärlerini taýýarlamak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we beýlekiler.

Klaster Akronyň bilim edaralary, hususanda Akronyň döwlet uniwersiteti bilen şu aşakdaky ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy amala aşyrýar:

pudaklaryň zerurlyklaryna laýyklykda ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak;

täze polimer materiallaryny işläp düzmek, gaýtadan işlemek we durnukly innowasiýalar babatda ylmy-barlaglaryň çäginde ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmek, ýokary okuw mekdeplerindäki barlaghanalar we ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek we maliýeleşdirmek;

klastera agza kompaniýalaryň önümçilik desgalarynda talyplaryň tejribeligini we hünär taýýarlygyny guramak;

polimer tehnologiýalaryna degişli ylmy-barlaglar üçin bölünip berilýän döwlet we hususy grantlary almak üçin ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde bäsleşiklere gatnaşmak;

ýokary okuw mekdepleri tarapyndan döredilen täze tehnologiýalary önümçilige girizmek maksady bilen olara ýardam bermek;

bilelikdäki ylmy maslahatlary geçirmek.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026