Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Aşgabatda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Dekabr 17, 2024 | 03:50 |9179
16-njy dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi16-njy dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Çeşme: orient.tm

16-njy dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň başynda emin agzalary tarapyndan ses berlen ýa-da “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda ýylyň dowamynda halk köpçüliginden iň köp SMS seslerini alan 10 aýdymçynyň ady yglan edildi. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýaş estrada aýdymçylary aýdym aýtmakda özleriniň ussatlygyny görkezdiler.

Bu döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna Türkmenistanyň medeniýet işgärleri, artistler, aýdymçylar, kompozitorlar, şahyrlar we öňki ýyllardaky bäsleşigiň ýeňijileri gatnaşdylar.

“Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň şertlerine görä, aýdymçylar iki aýdym aýtdy, ussatlaryň her gatnaşyjynyň sesiniň arassalygyna we owazyna doly baha berip bilmekleri üçin aýdymlaryň biri sazsyz ýerine ýetirildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda ýaş estrada we höwesjeň aýdymçylary Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşigiň netijelerine görä Göwher Hajymyradowa 3-nji, Şatlyk Gurbannazarow 2-nji, Serdar Çaryýew 1-nji orny eýeledi.

Döredijilik marafonynyň ýeňijisi we “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň baş baýragynyň eýesi Gylyçdurdy Durdyýew boldy, oňa dabaraly ýagdaýda göçme kubok we döwlet Baştutanynyň adyndan gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026