Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýranyň Energetika ministri bilen duşuşdy


16-njy dekabrda, duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň Energetika ministri Abbas Aliabadiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, hususan-da, energetika we gaz pudaklaryndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
60-dan gowrak eýran kompaniýasynyň önümleriniň hödürlenýän 16-njy ýöriteleşdirilen “Iran Agrofood” sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Eýranyň Energetika ministriniň Aşgabat şäherine amala aşyran saparynyň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen türkmen-eýran işewürler forumynyň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda bellenildi.
ORIENT








