HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Parižde "Diwan lügat at-türk" eseriniñ 950 ýyllygy mynasybetli halkara maslahaty geçirildi

Dekabr 16, 2024 | 15:12 |5332
Türkmen wekiliýeti "Tekstologiýada dünýä kartasynyñ şekillendirilmegi: "Diwan lügat at-türk" eseriniñ 950 ýyllygyna" ("Türki dilleriñ sözlügi") atly halkara maslahatyna gatnaşdy.Türkmen wekiliýeti "Tekstologiýada dünýä kartasynyñ şekillendirilmegi: "Diwan lügat at-türk" eseriniñ 950 ýyllygyna" ("Türki dilleriñ sözlügi") atly halkara maslahatyna gatnaşdy.
Çeşme: uza.uz

Türkmen wekiliýeti "Tekstologiýada dünýä kartasynyñ şekillendirilmegi: "Diwan lügat at-türk" eseriniñ 950 ýyllygyna" ("Türki dilleriñ sözlügi") atly halkara maslahatyna gatnaşdy.

Çäre UNESCO-nyñ Pariždaky ştab-kwartirasynda geçirilip, Azerbaýjanyñ UNESCO işleri boýunça Milli topary tarapyndan guraldy.

Maslahata Azerbaýjanyñ, Gazagystanyñ, Gyrgyzystanyñ, Türkiýäniñ, Özbegistanyñ, Wengriýanyñ we beýleki ýurtlaryñ wekilleri hem gatnaşdy. Gatnaşyjylar XI asyryñ meşhur dilçi alymy Mahmyt al-Kaşgarlynyñ "Diwan lügat at-türk" eseriniñ taryhy we medeni ähmiýeti barada maslahatlaşdylar.

Maslahatyñ çäklerinde "Diwan lügat at-türk" baradaky dokumental film görkezildi, tematiki sergi gurnaldy, eseriñ Said Hojaýew tarapyndan azerbaýjan hem-de Zifa-Aluy Auezowa tarapyndan rus diline terjime edilen kitaplarynyñ tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitaplar Türki medeniýetiniñ we mirasynyñ gaznasy tarapyndan neşir edildi.

"Diwan lügat at-türk" ensiklopediki eser bolup, türki diliniñ söz baýlygy arkaly medeniýetiñ ajaýyplygyny beýan edýär. Eser türki diliniñ grammatikasy boýunça ilkinji okuw kitaby hasaplanylýar, türki rowaýatlary, halk döredijiligi, türki jemgyýetiniñ gündelik durmuşy we däp-dessurlary barada özboluşly maglumatlary bermek bilen, türki taýpalar hem-de Türkestanyñ grografiýasy bilen tanyşdyrýan siwilizasiýalaryñ ensiklopediýasydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026