HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HMD Global futbol janköýerleri üçin smartfon taýýarlady

Dekabr 16, 2024 | 12:15 |5366
Nokia brendi bilen enjamlaryñ işläp taýýarlanmagy we satuwy bilen meşgullanýan HMD Global fin kompaniýasy Skyline smartfonlarynyñ Blue Topaz täze reñk görnüşi bilen görnüş hili giñeltdi.Nokia brendi bilen enjamlaryñ işläp taýýarlanmagy we satuwy bilen meşgullanýan HMD Global fin kompaniýasy Skyline smartfonlarynyñ Blue Topaz täze reñk görnüşi bilen görnüş hili giñeltdi.
Çeşme: ixbt.com

Nokia brendi bilen enjamlaryñ işläp taýýarlanmagy we satuwy bilen meşgullanýan HMD Global fin kompaniýasy Skyline smartfonlarynyñ Blue Topaz täze reñk görnüşi bilen görnüş hili giñeltdi.

Enjam "Barselona" futbol kluby bilen hyzmatdaşlykda çykaryldy.

Blue Topaz görnüşi diñe 12 Gb operatiw ýady we 256 Gb fleş-ýady bilen çykarylýar.

Skyline yzky kameranyñ üç görnüşli ulgamy, şol sanda şekiliñ gibrid optiki durnuklaşdyrmaly 108 megapiksellik esasy hasaplaýyş ulgamy, 8 piksellik ýokary giñburçly modul we 50 mm portret suratlary üçin teleobýektiwli 50 megapiksellik hasaplaýyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. 50 megapiksellik frontal kamerasy awtofokus we göz yzarlama ulgamyny işledip bilýär, oturdylan el hereketleriñ ulgamy bolsa ulanyjylara eliñ kömegini ulanman, surata düşürmek mümkinçiligini berýär.

Smartfona Snapdragon 7s Gen 2 çipi berilip, ol Android 14 operasion ulgamda işläp, onuñ operatiw ulgamynyñ iki gezek täzelenmegi mümkin. Enjam 4600 ma/s sygymly akkumulýator bilen enjamlaşdyrylan. Ol 33 Wt simli we 15 Wt simsiz kuwwat bermäge ukyplydyr.

HMD Skyline 144 Gs täzeleniş ýygylygy bilen 6,5 duýmlik FHD+ pOLED displeýine eýedir. Displeý Gorilla Glass 3 aýnasy bilen goralan. Smartfon güýç düwmesine oturdylan barmak yzlarynyñ gapdal skanerine hem-de goşundylary işletmek ýa-da sanly kömekçini işletmek ýaly şahsy wezipeler üçin düzülýän düwmesine eýe boldy.

Satyn almak bilen müşderiler goşmaça artykmaçlyk hökmünde "Barselona" futbol klubynyñ resmi şarfyny hem alyp bilerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026