HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

UNICEF we Türkmenistanyñ Bilim ministrligi genderlige gönükdirilen mugallymçylyk boýunça täze okuw materiallaryny taýýarladylar

Dekabr 16, 2024 | 13:00 |5023
BMG-niñ Çagalar gaznasy (UNICEF) Türkmenistanyñ Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda genderlige gönükdirilen mugallymçylyk boýunça täze okuw materiallaryny taýýarlady.BMG-niñ Çagalar gaznasy (UNICEF) Türkmenistanyñ Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda genderlige gönükdirilen mugallymçylyk boýunça täze okuw materiallaryny taýýarlady.
Çeşme: BMG-niñ Çagalar gaznasy (UNICEF) Türkmenistandaky edarasy tarapynan berildi

BMG-niñ Çagalar gaznasy (UNICEF) Türkmenistanyñ Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda genderlige gönükdirilen mugallymçylyk boýunça täze okuw materiallaryny taýýarlady.

Bu materiallar ene-atalar, mugallymlar we okuwçylar üçin niýetlenen. Olar mekdeplerde, çagalar baglarynda we maşgalalarda gender-duýgur çemeleşmesini goldamaga, şeýle hem inklýuziw we adalatly okuw gurşawyny gurmakda bilim, saglygy goraýyş we durmuş taýdan goramak ulgamlarda hünärmenleriñ taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen.

Aşgabatda BMG-niñ binasynda geçirilen tanyşdyrylyş çäresiniñ dowamynda gatnaşyjylar çagalar we maşgalalar bilen işleýän hünärmenleriñ kuwwatyny ösdürmek boýunça ýol kartasyny düzdiler. Bu tagallalar dürli pudaklarda, şol sanda bilimde, saglygy goraýyşda, durmuş taýdan goramak ulgamynda gender-duýgur çemeleşmelerini ulanmak ukyplaryny pugtalandyrar.

Çärä Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiñ hem-de Zähmet we durmuş taýdan goramak ministrliginiñ wekilleri, Aşgabat şäheriniñ bilim bölümleriniñ, milli bilim edaralarynyñ, şeýle hem inklýuziw bilim başlangyçlaryna gatnaşýan synag mekdepleriniñ we çagalar baglarynyñ hünärmenleri gatnaşdylar.

Materiallar hünärmenlere öz işinde gender meselelerini çözmek, inklýuziw gurşawy döretmek üçin gurallary we strategiýalary hödürlär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026