HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BMG: durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna tarap

Dekabr 13, 2024 | 21:00 |7723
13-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň Ýolbaşçy komitetiniň mejlisi geçirildi13-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň Ýolbaşçy komitetiniň mejlisi geçirildi
Çeşme: orient.tm

13-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň Ýolbaşçy komitetiniň mejlisi geçirildi. Çäre utgaşykly görnüşde geçirilip, DIM-niň, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Çarçuwaly maksatnamasynyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygynyň ösüşini ulgamlaýyn esasda kesgitleýän esasy resminamadyr. Ol Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen orta we uzak möhletleýin strategiýalara esaslanýar.

Mejlisde häzirki meýilnamanyň ýerine ýetirilişine gutarnykly baha bermek, bäş sany ýöriteleşdirilen toparyň işiniň netijeleri we 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň indiki tapgyryna taýýarlyk barada BMG-nyň teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki maksatnamany durmuşa geçirmekdäki üstünliklere we ony kämilleşdirmegiň geljegine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri pudagara derejesinde tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini nygtady we Daşary işler ministrliginiň ählumumy maksatlara ýetmäge gönükdirilen täze resminamanyň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

78490

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026