Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi


12-nji dekabrda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.
Işewür duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk güni mynasybetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň iri kompaniýasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeliligini kanagatlanma bilen belledi.
Bellenilişi ýaly, “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda möhüm taslamalary durmuşa geçirip, özüni ýurdumyzyň gurluşyk we senagat mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi.
Häzirki wagtda Aşgabatda şäher infrastrukturasyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnama amala aşyrylýar, paýtagty dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwürmek şol maksatnamanyň esasy wezipesidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Bu maksatnama ugurlaryň giň gerimini, şol sanda döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, ulag infrastrukturasyny ösdürmek, ekologik ýagdaýy gowulandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar.
Şeýlede häzirki strategiýanyň çäklerinde bilim, medeniýet edaralary hem işjeň ösdürilýär, munuň özi işlemek, bilim we dynç almak üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýär. Bu ugurdaky tagallalaryň ählisi özünde gözelligi, täzeçilligi, ýaşaýjylardyr myhmanlar üçin ýokary derejeli durmuş şertlerini jemleýän şäheri döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň ýokary önümçilik kuwwaty bolan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady, ýagny “Wozroždeniýe” hem şolaryň hataryndadyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin mümkinçiliklerine ýokary baha berip, türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny beýan etdi.
Bildirilýän ynam we goldaw üçin hoşallygyny beýan edip, myhman ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
ORIENT news








