HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BELTA: Belarusyñ Merkezi saýlaw topary 56 halkara synçyny hasaba aldy

Dekabr 13, 2024 | 15:40 |15091
Belarusyñ Merkezi Saýlaw topary Belarus Respublikasynyñ prezident saýlawlaryna gatnaşjak 56 sany daşary ýurt (halkara) synçyny hasaba aldy.Belarusyñ Merkezi Saýlaw topary Belarus Respublikasynyñ prezident saýlawlaryna gatnaşjak 56 sany daşary ýurt (halkara) synçyny hasaba aldy.
Çeşme: bgaa.by

Belarusyñ Merkezi Saýlaw topary Belarus Respublikasynyñ prezident saýlawlaryna gatnaşjak 56 sany daşary ýurt (halkara) synçyny hasaba aldy.

Merkezi saýlaw toparynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriñ Ýerine ýetiriji komiteti we Hökümetara Assambleýasy ilkinji bolup resminamalaryny hödürlediler.

Munuñ bilen bilelikde, ýurtda milli synçylaryñ hasaba alynmagy hem dowam etdirilýär. Belarusyñ Prezident saýlawlary boýunça çäk toparlarynyñ ýanynda eýýäm 923 adam hasaba alyndy.

16-njy dekabrdan gijä galman, toparlar haýsy-da bolsa bir dalaşgäri goldap, öz goluny goýan saýlawçylaryñ sany baradaky beýannamalary etrap, Minsk şäheriniñ toparlaryna geçirerler.

21-nji dekabrdan gijä galman bu maglumatlar Merkezi saýlaw toparyna beriler.

Dalaşgärleriñ hasaba alynmagy 22-31-nji (şol gün hem) dekabr aralygynda geçiriler. Saýlawdan öñki agitasiýa işleri (ses bermäge çagyryş) 1-25-nji ýanwar aralygynda meýilleşdirildi.

2025-nji ýylyñ 21-25-nji ýanwarynda Belarusda prezident saýlawlarynda möhletden öñki ses berme işi geçiriler. Ses bermegiñ esasy güni - 26-njy ýanwar.

Merkezi saýlaw topary ses bermegiñ netijelerini 5-nji fewraldan gijä galman belli eder. Zerur bolan ýagdaýynda ikinji tapgyr 2025-nji ýylyñ 9-njy fewralyndan öñ geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026