Türkmenistan GDA Hökümet baştutanlarynyñ geñeşiniñ nobatdaky mejlisine gatnaşdy


Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew Moskwada 2024-nji ýylyñ 12-nji dekabrynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ Hökümet baştutanlarynyñ geñeşiniñ nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Mejlise Azerbaýjanyñ premýer-ministri Ali Asadow, Belarus Respublikasynyñ premýer-ministri Roman Golowçenko, Gazagystanyñ premýer-ministri Olžas Bektenow, Ermenistan Respublikasynyñ premýer-ministri Mger Grigorýan, Ministrler Kabinetiniñ başlygy - Gyrgyzystanyñ Prezidentiniñ Dolandyryşynyñ başlygy Akylbek Žaparow, Russiýanyñ Hökümet başlygy Mihail Mişustin, Täjigistan Respublikasynyñ premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistan Respublikasynyñ premýer-ministri Abdulla Aripow hem-de GDA-nyñ Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.
Mejlise gatnaşyjylar Arkalaşykda ykdysady özara gatnaşygyñ derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Olar ulag toplumynyñ sanly transformasiýasy ugry boýunça hyzmatdaşlyk barada Ähtnamany kabul etdiler. Resminama bu ugurda özara gatnaşygy giñeltmäge we ösdürmäge, ilki bilen, sanly ulag infrastrukturasyny gurmak üçin zerur we ýeterli bolan şertleriñ döredilmegine gönükdirilen.
Şeýle hem, gatnaşyjylar penitensiar gullugy üçin işgärleri taýýarlamak baradaky Ylalaşyga gol çekdiler. Bu resminama ýokary okuw bilim maksatnamalary - bakalawriat, hünärmentçilik, magistratura, adýunktura, şeýle-de, goşmaça hünär maksatnamalary boýunça degişli hünärmenleri taýýarlamaga gonükdirilen.
Mejlise gatnaşyjylar 2025-2026-njy ýyllar üçin ynsanperwer hyzmatdaşlygy ugrunda ileri titulýan çäreleriñ meýilnamasyny kabul etdiler.
ORIENT news








