HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşoguz şäherinde "KAMAZ" awtotehnikany abatlaýyş we hyzmat ediş boýunça Okuw-hyzmat merkezi açyldy

Dekabr 12, 2024 | 12:55 |5772
Daşoguz şäherinde "KAMAZ" awtotehnikany abatlaýyş we hyzmat ediş boýunça Okuw-hyzmat merkeziniñ täze iki gatly modul görnüşli binasy ulanmaga tabşyryldy.Daşoguz şäherinde "KAMAZ" awtotehnikany abatlaýyş we hyzmat ediş boýunça Okuw-hyzmat merkeziniñ täze iki gatly modul görnüşli binasy ulanmaga tabşyryldy.
Çeşme: kamaz62.ru

Daşoguz şäherinde "KAMAZ" awtotehnikany abatlaýyş we hyzmat ediş boýunça Okuw-hyzmat merkeziniñ täze iki gatly modul görnüşli binasy ulanmaga tabşyryldy.

Resmi türkmen metbugat gullugyna görä, açylyş dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniñ wekilleri, Halk Maslahatynyñ agzalary we Türkmenistanyñ Mejlisiniñ deputatlary, Daşoguz welaýatynyñ Kärdeşler arkalaşyklar bileleşikleriniñ, Türkmenistanyñ Demokratik partiýasynyñ Daşoguz welaýat komitetiniñ hünärmenleri, il-ýaşulylar, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.

Bina öñdebaryjy inženerçilik çözgütleriniñ hem-de halkara ülñelerine laýyklykda "Ismail gurluşyk hyzmatlary" hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Onuñ umumy meýdany 1 ga barabar.

Bu ýerde netijeli iş üçin ähli şertler döredilen. Şeýle hem, aýratyn abatlaýyş sehi, ýük awtoulaglaryñ ýuwulýan ýeri, ätiýaç şaýlaryñ we tehniki ýaglaryñ saklanylýan jaýlary hem-de awtoduralga göz öñünde tutulan.

Binalarda "KAMAZ" tehnikasynyñ ähli görnüşleriniñ anyklaýyş, hyzmat ediş we abatlaýyş işleri üçin niýetlenen rus önümçiliginiñ iñ täze enjamlary ornaşdyrylan.

Türkmen bazarynda "KAMAZ" önümleri giñden hödürlenilen. Okuw-hyzmat merkezleri ýurduñ beýleki welaýatlarynda hem hereket edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026