HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gaz pudagy boýunça Türkmen-türk gatnaşyklary işjeňleşýär

Dekabr 09, 2024 | 11:05 |6944
Paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Türkiýe Respublikasynyň “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Türkiýe Respublikasynyň “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: turkmengaz.gov.tm

Paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Türkiýe Respublikasynyň “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şunda bu pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan dünýä ýurtlary, halkara guramalar, öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işjeň syýasaty durmuşa geçirýär. Bu babatda Türkiýe Respublikasyna aýratyn orun degişlidir.

Türkmen we türk halklarynyň gatnaşyklary müňýyllyklardan gözbaş alyp, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ilerledilýär. Türkiýe Türkmenistanyň esasy we ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi hem özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň martynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama hem-de “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurdaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny alamatlandyrdy. Bu resminamalar toplumy nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin möhüm hukuk binýadyny emele getirdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026